Gonkongda pandemiýanyň başynda hökmany edilen agyz-burun örtüginiň dakylmagy düzgüni ýatyryldy. Indi şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary islemedik halatynda örtük dakynman bilerler. Şäherde agyz-burun örtüginiň dakylmagy 3 üç ýyla golaý ozal hökmany edilipdi. 2020-nji ýylyň iýulynda ilki jemgyýetçilik ulaglarynda, iki hepdeden soňra bolsa, ähli jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügi dakylmaly edilipdi. Bu düzgünler güýje girizilmezden ozal hem ýaşaýjylar öz saglyklaryny goramak üçin köplenç agyz-burun örtügini dakynýardylar. Aýratyn dolandyrylýan sebitiň Baş dolandyryjysy Jon Li hepdäniň çarşenbe gününden (şu gün) başlap agyz-burun örtügini dakynmagyň zerurlygynyň ýokdugyny mälim etdi. Indi adaty durmuş şertlerine geçilendigine ünsi çeken Li iş we jahankeşdelik maksady bilen syýahat edýänleri gaýtadan myhman almak üçin gaýtadan işe girişendiklerini belledi.
Şu ýylyň başynda Hytaýda hem pandemiýa bilen bagly ähli çäklendirmeler ýatyrylyp, halkara gatnawlar dolulygyna açylypdy.