Ýaşaýşyň beýik ylymlarynyň ählisine akyl ýetirip, paýhasly ündewlerini bize miras galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz parasatly şygyrlarynda ylym öwrenmek, bileniňi ile ýaýmak, ýaşlykdan belli bir kär edinmek dogrusynda hem öwüt-ündewlerini pähimli setirlerine ussatlyk bilen geçiripdir. Muňa akyldaryň: – Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli, Göwresi giň gerek, özi pähimli, Giň ýerde garga deý bolsun wehimli, Ýerinde hünäri, işi gerekdir -diýen setirlerinde magat göz ýetirmek bolýar. Ynsanyň ýaşlykdan hünär öwrenmegi, bilim goruny artdyrmagy onuň ykbal ýollarynda hiç kime elgarama bolmazlygyna, islendik ýagdaýda öz başyny çarap bilmegine şert döredýär. Hut şu meseläniň üstünde aýratyn çintgäp, köňle gelenini taraşlap, şagladan pähimdar: “Köňlüň istän işler çykmaz, Nan ýagysy, kärsiz ärden” diýip işýakmazlary, ýaltalygy we hünärsizligi ýazgarypdyr. Akyldar şol nesihatlaryň düýp özeninde bolsa, ynsanyň ýaşlykdan okap, bilim almagyny, ykbalyny baglajak hünärini öwrenmegini we bilýänlerini illere öwretmegi ündäpdir. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda  talyp deň-duşlarymyz bilen akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bagyşlanyp, institutymyzda geçirilýän döredijilik duşuşyklaryna, dürli bäsleşiklere we beýleki baýramçylyk dabaralaryna  işjeň gatnaşýarys. Şahyryň il içinde nakyla öwrülip giden setirleri, ýaş nesle edep-terbiýe beriji pentleri we nesihatlary dogrusynda gyzykly söhbetdeşlikler guraýarys. Bu bolsa ady äleme belli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşlara öwüt-ündewlerine, pähimlerine we beýik parasadyna has aýdyň düşünmäge, bilimlerimizi özleşdirmäge itergi berýär. Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bu günki gün ýurdumyzyň dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny iň belent sepgitlere sary alyp barýar. Geçen ýyl Türkiýäniň Bursa şäherinde TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde 2024-nji ýyl Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi-de halkymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändiginiň, belent sepgitleri nazarlaýandygynyň subudydyr. Geljek ýylda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellener. Ähli döwürleriň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli öňümizdäki ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahatyny-da geçirmek meýilleşdirilýär. Ylym öwrenip, alymlara uýmagy, bilim hazynasyndan paý edinmegi ündän akyldarymyzyň paýhasyndan ugur alyp, biz türkmen ýaşlary hem öz saýlan ugrumyzdan düýpli bilim alyp, öwrenýän dilimiz boýunça tejribämizi baýlaşdyryp, Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy maksat edýäris. “Hünärli gol hor bolmaz” diýen ata-babalarymyz hem ýaşlykdan hünär öwrenip, ömrüňe röwüş berjek kär edinmegi nesihat edipdirler. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Goý, Arkadagly Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulşat Berdiýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.