Awstraliýada jaýlaryň üçeklerine gurlan Gün panelleri arkaly öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň ýurtda kömürden alynýan energiýadan köp boljakdygy mälim edildi. Gün energiýasyna degişli maslahatlary berýän “SunWiz” şereketi tarapyndan taýýarlanan maglumata görä, ýurtda iş ýerleriniň we ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerine gurulýan kiçi Gün panelleriniň umumy önümçilik kuwwatynyň 20 müň megawatdan (20 gigawat) geçendigi mälim edilýär. Geljek aý önümçilik kuwwaty 2 müň megawat bolan “Liddell” kömür bekedi ýapylar. Şeýlelikde, ýurtda diňe üçeklerdäki paneller arkaly öndürilýän elektrik energiýasy kömürden alynýan energiýadan öňe geçer. Awstraliýada her ýylda jaýlaryň üçeklerine ortaça 300 müň panel oturdylýar. Ýurtda üçeklerdäki Gün panelleriniň sany 3,4 milliondan gowrak. Bilermenler bu görkezijiniň örän uludygyny belleýärler. Ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Kwinslend ştatyndaky panel oturmaga amatly binalaryň 82 göterimine Gün panel ulgamy ýerleşdirilipdir.
Awstraliýada Gün panelleriniň ilkinji 10 müň megawatlyk önümçilik kuwwatyna ýetmegi 11 ýylda, ikinji 10 müň megawatlyk önümçilige bary-ýogy dört ýylda ýetilipdir.
Maýagözel Bähbidowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.