Soňky ýyllarda awtoulag kompaniýalary tehnologiýa we beýleki ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar. Fransiýanyň “Renault” hem-de Hytaýyň “Geely” kompaniýasyna içinden otlanýan motor öndürmek üçin bilelikdäki şereketi döretmek isleýär. Bu hyzmatdaşlyga Saud Arabystanynyň “Aramco” kompaniýasynyň hem goşuljakdygy mälim edildi. Şeýlelikde “Aramco” awtoulag senagatyna goşulan nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan ilkinji iri kompaniýa boldy. “Renault”-yň ýolbaşçysy Luka de Meo bu hyzmatdaşlygyň sintetik ýangyçlar bilen wodorod ugurlarynda täzeçilligiň işlenip taýýarlanmagyna goldaw berjek maglumatyň jemlenmegine sebäp boljakdygyny belledi. habar berilmegine görä, “Aramco” “Renault” hem-de “Geely”-niň içinden otlanýan we gibrid tehnologiýalaryny kämilleşdirmek üçin döretjek şereketiniň 20 göterim paýnamasyny alar. Täze şereketde “Renault” we “Geely” kompaniýalarynyň deň paýy bolar.

“Renault” içinden otlanýan motor işini hem kämilleşdirip, “Nissan” bilen 20 ýyldan bäri dowam edýän hyzmatdaşlygyny has-da ösdürip, elektroulag önümçiligini hem ösdürmek isleýär.

Bu hyzmatdaşlyk hytaýyň “Geely” kompaniýasyna öz harytlaryny global bazara has köp çykarmaga mümkinçilik berer. Şwesiýanyň “Volvo” brendine hem eýeçilik edýän “Geely” Germaniýanyň “Mercedes-Benz” kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlyk edýär.

Gülbahar Berdiýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.