Müsüriň paýtagty Kairiň etegindäki Giza piramidalarynda uzynlygy 9 metre barabar bolan gizlin däliziň üstünden baryldy. Gadymy dünýäniň ýedi täsinliginden häzire çenli gelip ýeten ýeke-täk bina bolan Heops piramidasynda (beýleki ady Uly Giza piramidasy) ýene bir açyş edildi. Geçirilen işleriň netijesinde piramidanyň esasy girelgesiniň ýokarsynda gizlin däliz tapyldy. Bu ötügiň bardygy ilkinji gezek 2016-njy ýylda anyklanypdy. Endoskopik kameralar arkaly şekili alnan däliziň ini 2,1 metre barabar. Bu däliziň häzire çenli üsti açylmadyk başga bir otaga barýan bolmagynyň mümkindigi bellenilýär. Şeýle hem bu boşlugyň piramidanyň girişindäki basyşy azaltmak maksady bilen göz öňünde tutulan bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.
Kameralar arkaly alnan şekiller bolsa köpçülige görkezildi. Suratda ýöntem ýonulan daşlardan edilen diwary hem-de gümmezli petigi görmek bolýar. Bu ýerdäki gözleg işleriniň dowam etdiriljekdigi mälim edildi. Uly Giza piramidasynyň beýikligi 146 metre ýetýär.
Jumaguly Hallyýew, Saýat etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň mugallymy.