3-nji martda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyz boýunça döwrebap öýleri sowgat bermäge hödürlenilýän sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen zenanlar, şeýle-de “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolýan eneler baradaky maglumatlary hödürledi.
Bellenilişi ýaly, täze öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasyny Aşgabat şäherinde 7-nji martda, welaýatlarda bolsa 8-nji martda, köp çagaly eneleriň 285-sine Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlaryny gowşurmak çäresini 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şol gün olaryň ählisi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek baýramçylyk konsertine çagyrylar. Hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekip, hormatly adyň nyşanlaryny, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagyň zerurdygyny belledi.