Manş deňzindäki Solent bogazynda täze gury ýer böleginiň emele gelendigi mälim edildi. Meýdany ýarym gektara barabar bolan adajygy Kris Foks hem-de Nik Raýl atly iki deňizçi tapypdyr. Deňizçiler ada “Lentune” diýip at goýdular hem-de ýahta klubynyň baýdagyny dikdiler.
Adanyň emele gelmegine onuň golaýyndaky Harst galasyny ummanyň eroziýasyndan goramak üçin geçirilen işleriň netijesinde emele gelendigi çaklanylýar.
Deňizçi Foks uzynlygy 100 metre, ini 20 metre barabar bolan adanyň nähili ýüze çykandygyny anyk bilmeýändiklerini belleýär.