Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan, halkyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýän, göwünleri joşdurýan şatlykly wakalara beslenýär. Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmekde, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk ösdürmekde, ýurdumyzda agzybirligiň, asudalygyň, abadançylygyň höküm sürmegini gazanmakda bitirilýän beýik işler ýaşlaryň Arkadagly Serdarymyza
bolan buýsanjyny artdyrýar.
Ylym-bilimiň döwletimiziň berk binýady bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilik açýandygy hemmämize mälimdir. Ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşini, şöhratly geljegini üpjün etmek maksady bilen, ýaşlaryň ylymly, bilimli, ruhubelent, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi oňat okap, gujurly zähmet çekmegimize bolan höwesimizi artdyrýar. Ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterjek ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolmagyny gazanmakda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan işler ýaşlaryň durmuşda öz ornuny tapmagyna ýardam edýär.
Daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek hem esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köptaraply ösmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha artmagy, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy daşary ýurt dillerini özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň halkara dil hökmünde ykrar eden ilkinji dilleriniň biri hem rus dilidir. Häzirki wagtda ylym, tehnologiýa ýa-da halkara aragatnaşyklar bilen meşgullanýan hünärmenleriň işlerini üstünlikli guramaklyk üçin rus diliniň orny uludyr.
Bilim ojagymyzda okuwçylara rus, iňlis dillerini öwretmäge uly üns berilýär. Ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde täze tehnologiýalary, usullary peýdalanmak bolsa oňat netije berýär. Elektron sözlükleri, audio we wideo materiallary, kitaplaryň elektron neşirlerini, bilim saýtlaryny, formatlary we beýlekileri özünde jemleýän bilim portaly daşary ýurt dilini öwrenýänlere doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda hereket edýän rus diline ýöriteleşdirilen synplarda tejribeli mugallymlar işläp, hünärmen-şägirt tejribe mekdebiniň kemala gelmegi bilen ýaşlara döwrebap dil öwretmek işi özleşdirilýär. Ýurdumyzda rus dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sanynyň köpdügini bellemek bolar. Muňa Russiýa Federasiýasynda bilim alýan türkmen talyplarynyň sanynyň 30 müňden hem gowrak bolmagy, ýurdumyzda türkmen-rus uniwersitetiniň açylmagy üçin degişli işleriň geçirilmegi, ençeme ýyllardan bäri umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň hereket etmegi aýdyň mysal bolup durýar.
Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek Konsepsiýasyna laýyklykda täze mazmunly we okatmagyň täze usulyýeti bilen dil öwretmek boýunça neşirleri taýýarlamaga hem-de neşir etmäge uly üns berilýär. Her ýyl täze okuw ýylynyň bosagasynda daşary ýurt dilleri üçin ençeme okuw kitaplary çap edilip, mekdeplere iberilýär. Häzirki wagtda mugallymlaryň hem sapaklaryny kämil derejede öwretmegi ugrunda tagalla edilýär.
Ýokary okuw mekdeplerinde ýörite gurnaklar hereket edýär. Şol gurnaklarda mugallymlar talyplara öz iş tejribelerini öwredýärler. Her halypa öz şägirdini aýdyň ýollara atarmagy özüne mukaddes borç hasaplaýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, halypalar ylmyň inçe tilsimlerini öwredýärler. «Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň röwşen geljegini şu günki bagtyýar ýaşlarda görýär. Biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän ynamyna jogap edip, okap-döredip ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrarys.
Aýgül BATYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.