Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de eziz Wa­ta­ny­myz­da döw­rü­mi­ziň hem-de dur­mu­şy­my­zyň zy­na­ty bo­lan mäh­rem ene­le­riň, ge­lin-gyz­la­ryň hor­mat-sar­pa­sy be­lent­de tu­tul­ýar. Şo­nuň üçin ba­har pas­ly­nyň il­kin­ji aýy­nyň il­kin­ji uly baý­ram­çy­ly­gy ze­nan­la­ra de­giş­li­dir. Tu­tuş dün­ýä­de we şol san­da ata Wa­ta­ny­myz­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni giň ge­rim­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Wa­ta­ny­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni ke­pil­len­dir­ýän, my­na­syp nes­li ös­dü­rip, ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek­de bi­tir­ýän ägirt uly hyz­mat­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, zenanlarymyz üçin uly ýeňillikler döredilýär. Ba­ha­ryň iň aja­ýyp baý­ram­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni mynasybetli ze­nan­la­ry­my­za «Ze­nan kal­by» or­de­ni, se­kiz we şon­dan-da köp ça­ga­ny dün­ýä in­de­rip, ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ren zenanlarymyza «Ene mäh­ri» di­ýen hormatly adyň da­kyl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry bi­len, ýur­du­myz­da ze­nan­la­ryň deň­hu­kuk­ly­ly­gy ka­nun esa­syn­da üp­jün edil­ýär. Gen­der sy­ýa­sa­ty­nyň maz­mu­ny­ny açyp gör­kez­ýän iş­le­riň yzy­gi­derli dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bol­sa, ze­nan­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­ýär hem öz­gerd­ýär. Ola­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, döw­let sy­lag­la­ry, hor­mat­ly at­lar bi­len sar­pa­lan­ma­gy, ola­ra be­ril­ýän ýe­ňil­lik­ler we gol­daw­lar ýur­du­myz­da ze­nan­la­ryň mertebesiniň belent tutulýandygyny görkezýär.
Ene­ler we ça­ga­lar ba­ra­da­ky ala­da, maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­ny sak­la­mak, ge­lin-gyz­la­ryň dö­re­di­ji­lik we aň-bi­lim kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­du­myz­da enä­niň we ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ba­bat­da ka­nun­çy­lyk ul­ga­my kä­mil­leş­di­ril­ýär, ola­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, ça­ga­la­ryň do­ly de­re­je­li ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge, köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra dur­muş gol­da­wy­ny ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Her ýyl Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň eda­ra­la­ryn­da we kär­ha­na­la­ryn­da, mi­nistr­lik­le­rin­de we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş dü­züm­le­rin­de, okuw mek­dep­le­rin­de ene­le­re, ge­lin-gyz­la­ra ba­gyş­la­nan dür­li me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li, ola­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan pul sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­ýar.
Go­laý­da ge­çi­ri­len Hö­kü­met mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­rin­de we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş dü­züm­le­rin­de, eda­ra­la­ryn­da we kär­ha­na­la­ryn­da iş­le­ýän ze­nan­la­ry­my­za, okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan aýal-gyz­la­ry­my­za we ça­ga­lar bag­la­ryn­da ter­bi­ýe­len­ýän gyz ça­ga­jyk­la­ra pul sow­ga­dy­ny ber­mek ha­kyn­da­ky res­mi­na­ma gol çek­di. Bu asyl­ly däp, ýur­du­myz­da ze­nan mer­te­be­si­niň ýo­ka­ry­da tu­tul­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Aýal-gyz­la­ryň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny ber­kit­mek, gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy ýö­rel­ge­si­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gen­der deň­li­gi Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len 2030-njy ýy­la çen­li Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Deň hu­kuk­lar we müm­kin­çi­lik­ler sy­ýa­sa­ty­na yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­mek bi­len, Türk­me­nis­tan BMG-niň ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry ba­ra­da­ky esa­sy hal­ka­ra hu­kuk res­mi­na­ma­la­ry­na, ýag­ny Aýal­lar ba­bat­da kem­sit­me­le­riň äh­li gör­nü­şi­ni ara­dan aýyr­mak ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa, Aýal­la­ryň sy­ýa­sy hu­kuk­la­ry ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa, Deň gym­mat­lyk­ly zäh­met üçin er­kek­ler bi­len aýal­la­ryň deň hak al­ma­gy ba­ra­da zäh­me­ti gu­ra­ma­gyň hal­ka­ra Kon­wen­si­ýa­sy­na go­şul­dy. Mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­me­giň çäk­le­rin­de Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ne er­kek­ler bi­len aýal­la­ryň ara­syn­da­ky deň­lik ha­kyn­da­ky mad­da gi­ri­zil­di. «Aýal­la­ryň we er­kek­le­riň deň hu­kuk­la­ry­ny we deň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni üp­jün et­me­giň döw­let ke­pil­lik­le­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Bu­lar­dan baş­ga-da, hal­ka­ra ýö­rel­ge­le­riň ka­da­la­ryn­dan ugur al­nyp, «Türk­me­nis­tan­da gen­der deň­li­gi bo­ýun­ça 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy» tas­syk­la­nyl­dy. Bu çä­re­le­riň äh­li­si eziz Di­ýa­ry­myz­da gen­der deň­li­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne, ze­nan­la­ryň ab­raý-mer­te­be­si­niň, jem­gy­ýet­de tut­ýan or­nu­nyň bar­ha ber­ke­me­gi­ne we ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.

Aga­gül HY­DY­RO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ýo­ka­ry ma­te­ma­ti­ka ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.