Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bu aga­jyň peý­da­sy örän ulu­dyr. Tu­duň ata Wa­ta­ny Gü­nor­ta Azi­ýa ha­sap­lan­ýar. Adatça, 4-5 metr­den 18 metre çenli ara­lyk­da ös­ýän bu aga­jyň, esa­san, ak («Morus alba»), gara («Morus nigra») we gy­zyl («Morus rub­ra») reňkli miwe berýän üç görnüşi has köp ýaýrandyr. Be­zeg aga­jy hök­mün­de tu­duň mi­we ber­me­ýän uly ýap­rak­ly gör­nü­şi hem ekil­ýär. Tu­duň ýap­ra­gy pi­le gur­çu­gy­ny idet­mek­de, aga­jy türk­men mil­li saz gu­ral­la­ry­ny hem-de aş­ha­na enjam­la­ry­ny ýa­sa­mak­da peý­da­la­nyl­ýar. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, tut agajy aň­sat ke­sel­le­me­ýän we gur­çuk­la­ma­ýan iň sag­dyn agaç­la­ryň bi­ri bo­lup, or­ta­ça 100 ýyla çenli ýaşaýar. In­jir­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan tut di­ňe bir Azi­ýa­da ýaý­ra­man, eý­sem, dün­ýä­niň beý­le­ki se­bit­le­rin­de hem ösdürilip ýetişdirilýär. Şeý­le hem ga­by­gy süýt­li bu agaç az ideg ta­lap ed­ýär.
Adam sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly bo­lan bu mi­wä­niň düzüminde şeker, uglewod, ýag, protein, A, B, C, E, K witaminleri, demir, magneziýa, fosfor, kalsiý, natriý, simap ýaly mineral­dyr maddalar sak­lan­ýar. Tu­duň 3-5 san­ti­metr uzyn­lyk­da­ky maý­da­jyk dä­ne­li mi­we­si­niň süýji tagamy we özüne mahsus hoş­tap ysy bolýar. Tudana, esa­san, terligine iýil­ýär. Kä­te bu mi­we kä­bir ta­gam­dyr süý­jü­lik­ler taý­ýar­la­ny­lan­da hem go­şul­ýar. Şeý­le hem on­dan to­şap gaý­na­dy­lýar. Uzak wagt­lap sak­la­mak üçin bol­sa guradylan gör­nüş­de ýyg­na­lyp go­ýul­ýar. Guradylan tudana içegäni arassalaýar we ganaz­ly­ga gar­şy peý­da­ly se­riş­de bo­lup hyz­mat ed­ýär. Halk luk­man­çy­ly­gyn­da kä­bir ke­se­liň öňü­ni al­mak­da we be­jer­mek­de tu­duň ýap­ra­gyn­dan we mi­we­sin­den peý­da­la­ny­lýar. Hä­zir­ki wagt­da derman senagatynda tu­duň ýap­ra­gy, mi­we­si, ga­by­gy we kö­ki der­man­dyr derini idediji serişdeleri taýýarlamakda ula­nyl­ýar. Tut aga­jy çe­ýe bo­la­ny üçin önüm­çi­likde onuň çy­byk­la­ryn­dan çe­lek­ler­dir se­bet­ler, sow­gat­lyk önüm­le­r hem ýa­sal­ýar.