Soňky ýyllarda kiçi göwrümli uçýan ulaglar ýük gatnatmakda has köp ulanylyp başlandy. Kiçi göwrümli ulaglar arkaly ýolagçy gatnatmak hem göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda uçýan taksileri işläp taýýarlaýan, olarda adamly synaglary geçiren kompaniýa az däl. Adatça elektrik energiýasy bilen işleýän bu ulaglaryň, esasan, şäheriçi gatnawda ulanylyp, ýol dyknyşygyny azaltmaga ýardam etmegine garaşylýar. Germaniýanyň “Autoflight” atly kompaniýasy bolsa dikligine uçup hem-de gonup bilýän (eVTOL) ulagy bilen rekord goýandygyny mälim etdi. Nusgalyk görnüşde taýýarlanan “Prosperity” atly uçýan taksiniň bir gezekki zarýady bilen 250 kilometr ýol geçildi. Şeýlelikde, ulag bu ugurda öňdeligi eýeleýän “Joby Aviation” kompaniýasynyň ulagyndan öňe geçdi. Bu ulagyň dizaýnyny “Ford”, BMW, “Mini”, “Ferrari”, “Maserati”, “Fiat”, “Lancia”, “Alfa Romeo” we “McLaren” ýaly kompaniýalarda işlän, tejribeli hünärmen Frank Stefenson taýýarlapdyr.
Häzirki wagtda uçýan taksiler arkaly yzygiderli gatnawyň amala aşyrylýan şäheri ýok. Ýakyn geljekde iri şäherlerde uçýan taksileriň has giňden ulanylmagyna garaşylýar.
Dildar Döwletowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.