6-njy martda Estoniýada Premýer-ministr Kaýa Kallasyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy reforma partiýasy, sesleriň 92%-i, şol sanda elektron ses beriş ulgamy arkaly berlen sesleriň 92%-i sanalandan soň, parlamentiň 15-nji çagyrylyşynyň saýlawlarynda öňdeligi eýeledi.
Maglumatlarda dolandyryjy partiýanyň 32% sese eýe bolandygyny tassyklandy. Ikinji orny Konserwatiw Halk partiýasy eýeleýär (16%). Ondan soň Merkez partiýasy (14%), “Eesti 200” partiýasy (14%), Sosial-demokratik partiýasy (9%) we “Watan” partiýasy (8%) bar. Beýleki syýasy birleşikler bäş göterim çäkden geçip bilmedi.
Saýlawlarda ilki Konserwatiw halk partiýasy öňde barýardy. Şeýle-de bolsa, ýekşenbe güni agşam elektron ses berişligiň netijeleri heniz belli bolmandy. Elektron görnüşde ses beren Estoniýanyň raýatlarynyň sany, takmynan, 314 müňe ýetdi we ilkinji gezek adaty usulda (takmynan 302 müň adam) ses berenleriň sanyndan öňe geçdi.
Riýgikogynyň saýlawlary (bir palataly kanun çykaryjy) ýekşenbe güni geçirildi. 966 müň estoniýaly saýlawçylaryň 615 müňden gowragy ses berip, saýlawlara gatnaşyk ýurduň parlament saýlawlarynyň taryhynda iň ýokary derejä eýe boldy – 63,7%. Parlamentde 101 orna dalaş edýän 9 syýasy partiýadan 968 dalaşgär bar, şeýle-de garaşsyz dalaşgärler hem wekilçilik edýärler.