5-nji martda halk wekilleriniň ählihytaý gurultaýynyň 14-nji mejlisi Pekiniň merkezindäki Týananmen meýdançasyndaky Halk ýygnagynyň uly zalynda açyldy.
13-nji marta çenli dowam etjek bu maslahatda deputatlar geçen ýylyň sosial-ykdysady netijelerini jemlärler. Bu ýylky sessiýa 2 müň 977 delegat gatnaşýar.
Gün tertibinde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň başlygy Li Kesýanyň hökümetiň işi we 2022-nji ýylda merkezi we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlar diňlenip, ara alnyp maslahatlaşylar.
Kanun çykaryjylar geçen döwür üçin durmuş-ykdysady ösüş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabata serederler, ýurduň ösüşindäki esasy ugurlaryny görkezip, 2023-nji ýyl üçin býudjet kabul ederler.
Hytaýyň ykdysadyýetine ýardam häzirki mejlisiň iň möhüm ugurlarynyň biri bolar. Geçen ýyl Hytaýyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 3%-e düşdi we bellenilen maksatnamadan pes bolup, soňky 50 ýylda iň pes görkezijileriň biri boldy. Hünärmenleriň pikiriçe, munuň sebäbi COVID-e garşy çäklendirmeleriň ýaramaz täsirleri boldy.