Türkiýede täze gaz merkezi arkaly tebigy gazy ugradyp biljek ýurtlar Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, şeýle-de suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça Alžir, Katar, ABŞ we beýlekiler bolar. Bu barada Russiýanyň “Wygon Konsalting” edarasynyň bilermeni Ýewgeniýa Popowa belleýär.
Ýewgeniýa Popowanyň pikiriçe, türk gaz merkezi ilkinji nobatda, Günorta we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlaryna turbageçiriji arkaly tebigy gazy ugratmakda özboluşly paýlaýjy merkez bolar. Şeýle-de merkez elektron söwda meýdançasyny döretmek üçin täze ýer bolup biler, ondaky täze nyrh indeksi bolsa sebit bençmarky bolar.
Hünärmen gaz merkezi arkaly Ýewropa tebigy gazy ugradyp biljek döwletleriň hatarynda geljekde Türkmenistanyň hem-de suwuklandyrylan gaz öndüriji Alžiriň, Kataryň, ABŞ-nyň we beýlekileriň bolup biljekdigini öňe sürdi.