Alty partiýadan ybarat bolan “Millet bileleşigi” Kemal Kylyçdarogluny maý aýyndaky saýlawlarda döwlet baştutany wezipesine ýeke-täk dalaşgär hökmünde hödürledi.
Geçirilen gepleşikler agyr boldy, çünki, Kylyçdaroglunyň dalaşgärligi bilen “Iýi partiýanyň” başlygy Meral Akşener ylalaşmady. Ol Stambulyň meri Ekrem Ymamogluny ýa-da Ankara şäheriniň meri Mansur Ýawaşy hödürlemegi teklip etdi.
74 ýaşly Kemal Kylyçdaroglu, Türkiýäniň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan döredilen Respublikan halk partiýasynyň başlygydyr.
Bileleşigiň dalaşgäri Kylyçdaroglu saýlawlarda ýeňiş gazanan halatynda, ýurduň parlament ulgamyny güýçlendirmek üçin prezidentiň käbir ygtyýarlyklaryny çäklendirjekdigini belleýär.
Rejep Taýýip Erdogan 10-njy martda saýlawlara taýýarlyk görmek barada karara gol çekjekdigini aýtdy. Beýanat çap edilenden soň, saýlawdan öňki 60 günlük döwür başlar. ÝUrtda prezident saýlawynyň 14-nji maýda geçirilmegine garaşylýar.
Saýlaw kampaniýasy ýurduň weýrançylykly ýer titremesiniň netijelerini ýeňip geçmek prosesiniň yzýany geçirilýär. Bu mowzuk dalaşgärleriň saýlawdan öňki çekişmelerinde has-da agdyklyk eder.
Ýerli bilermenleriň aýtmagyna görä, Erdogan bilen Kylyçdaroglunyň ýeňiş gazanmak üçin deň mümkinçiligi bar.