7-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry W.Ha­ji­ýe­wiň we Aş­ga­bat şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry bi­len ge­len Çi­li Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­nen Il­çi­si (otur­ýan ýe­ri An­ka­ra ş.) Rod­ri­go En­ri­ke Ar­ko­syň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Ynanç ha­ty­nyň nus­ga­la­ry­ny gow­şu­ry­ly­şyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Il­çä iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça he­ma­ýat et­mä­ge we gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de ta­rap­lar da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­riň ara­syn­da ge­ňeş­me­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň, şeý­le hem köp­ta­rap­la­ýyn meý­dan­ça­la­ryň çäk­le­rin­de da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry­nyň gu­ral­ma­gy­nyň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy nyg­tal­dy.
Hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn tej­ri­be­si bel­le­nil­di. Bu ugur­da Çi­li ta­ra­py­na Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ka­bul edi­len BMG-niň ka­rar­na­ma­la­ry­na aw­tor­daş­ly­gy üçin min­net­dar­lyk bil­di­ril­di.
Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi nuk­daý­na­za­ryn­dan, dip­lo­mat­lar Aş­ga­ba­da we Sant­ýa­go de­giş­li­lik­de söw­da we­ki­li­ýet­le­ri­niň sa­par­la­ry­ny gu­ra­ma­ga gy­zyk­lan­ma­ny be­ýan et­di­ler.
Me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ug­ry hök­mün­de Türk­me­nis­tan­da La­tyn Ame­ri­ka­sy­nyň me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­re­dil­di.