Soňky ýyllarda ýygy-ýygydan gabatlaşýan “Bawariýa” bilen PSŽ-niň arasyndaky duşuşyklarda ýene-de ýeňiji üýtgemedi. Parižden iň kiçi hasaply ýeňiş bilen dolanan münhenliler öz meýdançasynda 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Bawariýa” ýeňiş getiren gollaryň birinjisini 61-nji minutda ýene-de PSŽ-niň ozalky oýunçysy Şupo-Moting geçirdi (1-nji oýunda Kingsli Koman geçiripdi). Beýlekisini-de 89-njy minutda Serž Gnabri öz adyna ýazdyrdy. Iki gol hem aýagyndaky topy aldyran PSŽ-niň italiýaly ýarymgoragçysy Marko Werrattiniň gödek ýalňyşlygyndan soň derwezä girdi. Şunlukda, “Bawariýa” bassyr 4-nji, umumylykda 21-nji gezek çärýek finalda oýnar. Bawariýa 21-nji gezek çärýek finala çykmak bilen bu ugurda rekordyň eýesidir. “Bawariýa” şu möwsümde oýnan 8 duşuşygynda-da ýeňiş gazandy we münhenliler 21 gol geçirip, diňe 2 gol geçirtdi. PSŽ bolsa geçen möwsümdäki ýaly ýene-de 1/8 finaldan yzyna gaýtdy. Bassyr 3 möwsümden bäri çärýek finalyň bosagasyndan yzyna gaýdýan Lionel Messi UEFA Çempionlar Ligasynda 150-nji gezek esasy düzümde meýdança çykdy. Ol Kristiano Ronaldo (178) hem-de Iker Kasilýasdan (176) soň bu görkezijä ýeten 3-nji futbolçydyr. Şeýle-de, PSŽ 2015/16 möwsüminden bäri ilkinji sapar Çempionlar Ligasynda yzly-yzyna 2 duşuşykda gol geçirip bilmedi.