UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň jogap oýnunda, Londonda “Tottenham” bilen “Milan” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda iki topar hem amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedi. Duşuşygyň 77-nji minutynda “Tottenhamdan” Kristian Romero 2-nji sarydan gyzyl kart alyp, meýdançadan çykdy. Duşuşykda hasap açylmady we Italiýada 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Milan” 11 ýyldan soň 10-njy gezek çärýek finala adyny ýazdyrdy. Oýnuň soňky minutlarynda “Milanyň” derwezeçisi Harri Keýniň derwezä barýan urgysyny sowmagy başardy. Şol pursatyň yzysüre “milanly” Originiň urgusy sütünden yzyna gaýtdy. “Milan” soňky gezek 2012-nji ýylda çärýek finala çykypdy.