Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet baştutanlary, dürli ýurtlaryň we iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň gün tertibine sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler, häzirki döwrüň howplaryna, wehimlerine, ilkinji nobatda, COVID-19-a garşy bilelikde göreşmek, oňyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.
Türkmenistanyň Baştutany COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitiň umumy Mejlisinde çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, koronawirus pandemiýasynyň netijeleri häzirki döwürde örän möhüm we düýpli meseleleriň biri bolup durýar. Elbetde, bu diňe lukmançylyk meselesi däldir. Ol gönüden-göni ählumumy ösüşiň syýasy, ykdysady, durmuş-ynsanperwer ugurlaryna täsir edýär. Munuň özi biziň ählimiziň duçar bolan ýönekeý bolmadyk ýagdaýymyzy ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň özara gatnaşyklarynyň täze, birmeňzeş usullaryny gözlemegiň zerurdygyny görkezdi.
Dünýäniň 120 ýurdunyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde möhüm syýasy binýat bolup durýan Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi «Bandung ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki zaman dünýäsiniň wehimlerine bilelikde we netijeli jogap berilmegini üpjün etmek» temasy bilen bagly boldy. Gün tertibine sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler, häzirki döwrüň howplaryna, wehimlerine, ilkinji nobatda, COVID-19-a garşy bilelikde göreşmek, oňyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara gatnaşyklardaky orny ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu sammitiň hem-de onuň çäklerinde öňe sürlen, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine, ilkinji nobatda, XXI asyryň pandemiýasyna – COVID-19-a garşy göreşmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryň ähmiýetine üns berildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu gatnaşyklar ýokary depginde ösdürilýär. Söhbetdeşler ulag-logistika we energetika ulgamlaryny gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda geografik taýdan strategik ähmiýetli ýerleşmeginiň bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda giň möçberli halkara taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagta çenli Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, şeýle-de iri we abraýly halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary hereket edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň 35 sany diplomatik wekilhanalary we 13 sany iri halkara guramalarynyň wekilhanalary bar. Şeýle-de, Türkmenistan 150-den gowrak halkara konwensiýanyň we ylalaşyklaryň agzasy bolup, dünýäniň ençeme döwletleri bilen söwda hyzmatdaşlygyny alyp barýar.
1961-nji ýylda döredilen Goşulyşmazlyk Hereketi häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.
Türkmenistan 1995-nji ýyldan başlap, bu guramanyň agzasydyr. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2012-nji ýylyň awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda geçen Goşulyşmazlyk Hereketiniň XVI sammitine hem gatnaşandygyny ýatlap geçeliň.
Ogulsabyr NURMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.