Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden üpjün edilmegi birnäçe ýyldan bäri iň arzan usul bolmagynda galýar. Angliýanyň Oksford uniwersitetiniň taýýarlan täze maglumatynda soňky 20 ýylda energiýa pudagyndaky maýa goýumyň bahasyna syn berilýär. Maglumatda global derejede energiýany öndürmek üçin arassa çeşmelerden peýdalanmagyň has arzandygy, Ýer ýüzünde kömür çykarmagyň iň gymmat usuldygy bellenilýär. Bilermenler 2016-njy ýyldan bäri gaýtadan dikeldilýän energiýa we tehnologiýalar üçin maýa goýumy artdyrmaga degişli karzyň özüne düşýän bahasynyň peselýändigini, bu ýagdaýyň kömür çykarmakda artýandygyny bellediler.
Maglumatda uglerody has köp bölüp çykarýan energiýa pudagyna maýa goýum goýmagyň töwekgelçiliginiň artýandygy bellenilýär.
Aýgül MERDANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









