Arly gyşyň möwritini pasyllaryň soltany hasaplanýan bahara bermegi bilen daş-töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp, gunçalar lälezarlyga öwrüldi. Tebigatyň janlanyp, gözellikleriň şugla saçýan pursatlary toprak bilen bagry badaşan babadaýhanlar ekin meýdanlaryna çykyp, yhlas siňdirip bol hasylyň düýbüni tutmaga girişýärler. Pasyllaryň soltany hasaplanýan baharyň ajaýyp günleri özüniň arassa, mylaýym howasy bilen jana tenekär bolup, zähmete hyjuw, Watana söýgi döredýär.
Türkmen tebigatynyň täsinlikleri söz bilen beýan ederden has gözel. Ýurdumyzyň islendik künjeginde aklyňy haýrana goýýan täsinlikleri görmek bolýar.
Bahar paslynyň şu günleri daş-töwerek has-da gözelleşýär. Günüň nuruna eýlenen täsin tebigat ýazda üýtgeşik görnüşe eýe bolýar. Garlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly öz gözelligini äleme çaýýar. Ähli pasyllaryň hem özboluşly gözelligi, aýratyn öwüşgini bar. Ýöne bahar paslynyň gözelligine taý geljek gözellik ýokdur. Bahar ähli pasyllaryň soltany hasaplanýar. Baharda baýyrlar, düzler, giň sähralar ýaşyl begrese bürenýär. Agaçlar pyntyk ýaryp, dünýäniň owadanlygyna has-da görk berýär.
Asmandan inýän ýagyş damjalary öz akymy bilen adamlaryň göwünlerini galkyndyryp, goja zemine rysgal-bereket paýlaýar. Baharyň her bir güni, her pursady owadan. Baharyň ýüreklerde joşgun döredip, janly-jandarlary, tutuş tebigaty oýaryşy owadan. Baharda zeminiň ýaşyl begrese bürenip, oňa-da elwan güllerden keşde çekişi owadan. Owadan bahar her gezek jahana dolanda, täsin röwüş bilen nurlanýar. Bütin barlygyň duýgular dünýäsinde janlanyp, tebigatyň häsiýeti ynsanyň häsiýetinde şöhlelenen bolmaly. Gözelligiň soltany bolan näzijek güller bahar paslynda has-da owadan görke eýe bolýarlar. Göýä olar ynsan mährinden güýç alýan ýaly, ýaz şemalyna ýuwaşja ygşyldap, öwşün atýarlar. Daşymyzy gurşap alan ak, gyzyl, sary, gyrmyzy güller gözelligiň hem bagtyň nyşany kimin yslaryny çar tarapa ýaýradýarlar. Tebigatyň gözelligine dürli öwüşgin çaýýan ösümlik we haýwanat dünýäsi täsindir. Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty türkmenleriň ruhy dünýäsi bilen sazlaşandyr. Bu hakykat adam bilen tebigatyň ysnyşykly, jebis ýaşaýandyklaryny görkezýär. Ynsan tebigatdan, onuň gözelliklerinden ruhy lezzet alýar.
Tebigatymyzyň täsin gözelligi her bir ynsany özüne maýyl edýär. Bahar paslynda saýrak guşlaryň ýakymly owazlaryny eşidip ruhuň göterilýär. Daglaryň başyndaky garlaryň eräp, dumly-duşda şildiräp akyşy hem bahar paslynyň gudratydyr. Baharda parç bolan gül-gülälekler, terje otlar kalbyňy joşdurýar. Ýaşyl öwsüp pyntyk ýaran agaçlaryň şahalaryny synlanyňda saňa ajaýyp duýgular ýar bolýar. Bahar paslynyň çabgasyny göz öňüne getirmek diýseň ýakymly. Ak çabgalar baharyň gözelligine has-da gözellik goşýar. Şol pursatlarda ýagşyň şybyrdap ýagşyny ýa-da çabgadan soň jümle-jahanyň täze öwüşgine eýe bolşy, tämizligi ynsan kalbyny joşa getirýär.
Bahar pasly özüniň hoştap howasy bilen köňüllerimize şatlyk paýlaýar. Goý, pasyllar soltany hasaplanylýan bahar özüniň mylaýym, hoştaplygy bilen sowulmaz ýazlary getirsin.
Guwanç Şyhmyradow,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň uly gözegçisi.