Türkiýäniň MGV gaznasy tarapyndan guralmagy meýilleşdirilýän Ýewraziýa ykdysady maslahaty 13-15-nji martda geçiriler. Bu barada MGV gaznasynyň başlygy Akkan Suwer aýtdy diýip, “Anadolu” habarlar gullugy habar berýär.
Maslahata dünýäniň 44 ýurdundan 300 töweregi syýasatçylaryň, diplomatlaryň, alymlaryň we işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu gezekki sammit “Ikirjiňlenme-de hyzmatdaşlyk etmäge başla” diýen şygar astynda geçirilýär.
Maslahatyň gün tertibinde häzirki zamanyň wajyp meseleleri, dünýädäki gapma-garşylyklary çözmegiň ýollary, energiýa kynçylyklary, azyk howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, gender deňligi we global näbellilik ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.