10-njy martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 20-22-nji marty aralygynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, foruma Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Belarusuň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde, milli taryhy-medeni mirasy wagyz etmekde, syýahatçylyk kuwwatyny artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi, wise-premýere we degişli ýolbaşçylara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.