10-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça meseleler barada maslahat edildi.
Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada bellenildi. Bu babatda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy, şol sanda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy bar bolan ikitaraplaýyn formatlaryň çäklerinde ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygy bellenildi.
Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy barada hem bellediler. Şol bir wagtda 2019-njy ýylyň iýunynda kabul edilen hem-de sebitde hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik esasyny üpjün edýän Ýewropa Bileleşigiň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň ähmiýetini hem nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda ýakyn wagtda meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn taslamalaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.