10-njy mart­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da Ser­het­le­ri Do­lan­dyr­mak Mak­sat­na­ma­sy (BOMCA) ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň ýa­nyn­da­ky Okuw Mer­ke­zi­ne «Okuw kurs­la­ry­ny taý­ýar­la­mak we ge­çir­mek bo­ýun­ça okad­ýan­lar üçin gol­lan­ma» ady bi­len okuw gol­lan­ma­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­dy gow­şu­ryl­dy.
Çä­rä Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň ýa­nyn­da­ky Okuw mer­ke­zi­niň mü­di­ri G.My­ra­dow, BOMCA mak­sat­na­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky mil­li ut­gaş­dy­ry­jy­sy R.Ber­di­ýew, onuň kö­mek­çi­si S.Aşy­row, şeý­le hem Okuw mer­ke­zi­niň şah­sy dü­zü­mi gat­naş­dy.
Gol­lan­ma­lar Lat­wi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let Ser­het gul­lu­gy­nyň bi­ler­men­ler to­pa­ry ta­ra­pyn­dan Fron­tex (Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Da­şar­ky ser­het­le­riň howp­suz­ly­gy bo­ýun­ça agent­li­gi) okuw mak­sat­na­ma­la­ry esa­syn­da hem-de 2022-nji ýy­lyň 15-17-nji mar­tyn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mu­gal­lym­la­ry/tä­lim­çi­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň usul­la­ry­ny iş­läp düz­mek bo­ýun­ça se­bit­le­ýin okuw mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri­ne esas­la­nyp iş­le­nip dü­zül­di.
Bu gol­lan­ma, BOMCA mak­sat­na­ma­sy­na gat­naş­ýan ýurt­la­ryň güm­rük, mig­ra­si­ýa we ser­het gul­luk­la­ry­nyň okuw bö­lüm­le­ri­niň iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan ula­nyl­ma­gy üçin ni­ýet­le­nen­dir.
Okuw mer­ke­zi­niň mü­di­ri G. Mu­ra­dow Okuw kurs­la­ry­ny taý­ýar­la­mak we ge­çir­mek bo­ýun­ça okad­ýan­lar üçin gol­lan­ma­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­lap, ony Okuw mer­ke­zi­ne be­ren­dik­le­ri üçin BOMCA mak­sat­na­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Okuw mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan okuw mak­sat­na­ma­sy­ny we okuw usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da, Okuw mer­ke­zi­niň iş­gär­le­ri tar­pyn­dan okuw gol­lan­ma­la­ry hem iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Bu gün bol­sa Okuw mer­ke­zi­niň ki­tap­ha­na­sy­nyň üs­ti tä­ze gol­lan­ma­lar bi­len dol­du­ryl­dy. Bu gol­lan­ma­la­ryň Okuw mer­ke­zi­niň mu­gal­lym­la­ryň işin­de ýa­kyn ýar­dam­çy bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.