Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Gü­lä­lek Ak­my­ra­do­wa sah­na­lar­da­ky we film­ler­dä­ki dür­li keşp­le­ri bi­len giň­den ta­nal­ýar. Ol 20 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri Türk­me­nis­ta­nyň Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň akt­ri­sa­sy bo­lup zäh­met çek­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ol teatr re­žiss­ýo­ry hü­nä­rin­de hem özü­ni sy­nap gör­ýär. Gü­lä­lek özü­ni il­kin­ji no­bat­da teatr ar­tis­ti ha­sap­la­ýar. Oňa teatr­da iň go­wy keşp­le­riň on­lar­ça­sy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi üçin hem-de Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň mil­li teatr sun­ga­ty­ny ös­dür­mek­de we halk köp­çü­li­gi­ne ýaý­mak­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, 2008-nji ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly at da­kyl­dy. Şeý­le hem ol «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň XX ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­nyň eýe­si, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si­dir. Go­laý­da biz özü­niň te­bi­gy­dan owa­dan se­si bi­len ta­nal­ýan ru­hu­be­lent ze­nan Gü­lä­lek Ak­my­ra­do­wa bi­len söh­bet­deş­lik gu­ra­dyk.
– Gü­lä­lek, söh­bet­deş­li­gi­mi­ziň ba­şy­ny şu so­wal­dan baş­la­sak ýer­lik­li bo­lar­my­ka diý­ýä­rin. Si­ziň akt­ri­sa bol­mak ba­ra­da­ky ka­ra­ry­ňy­za kim­dir bi­ri­niň tä­si­ri bol­du­my?
– Ça­ga­ly­gym­dan gyz­la­ryň kö­pü­si ýa­ly ar­zuw­çyl­dym. Eje­miň oka­ýan çe­per eser­le­ri men­de ede­bi­ýa­ta bo­lan çyn­la­kaý hö­wes dö­ret­di. Şeý­le­lik­de, mek­de­bi ta­mam­lap Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty fa­kul­te­ti­ne oku­wa gir­mä­ge sy­na­nyş­dym. Dog­ru­sy, me­niň ol sy­na­ny­şy­gym şow­suz bol­dy. Ýö­ne dur­mu­şy­myň şol şow­suz­ly­gy ar­ka­ly tä­ze mak­sat­la­ra ta­rap ýol açyl­dy. El­bet­de, ar­tist bol­mak ba­ra­da­ky mak­sa­dym­da eje­miň hyz­ma­ty uly. Men okuw­çy döw­rüm­de-de mek­dep­de ge­çi­ril­ýän dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýar­dym. Ede­bi­ýat, sun­gat, žur­na­lis­ti­ka we mu­gal­lym­çy­lyk bi­len deň de­re­je­de gy­zyk­lan­ýar­dym. Me­niň bu me­ýil­le­ri­mi ejem ma­kul­la­ýar­dy. Ejem Aý­na­bat ge­çen asy­ryň alt­my­şyn­jy ýyl­la­ryn­da Ma­ry­da­ky mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bin­de oka­ýan dö­wür­le­ri, Ma­ry et­ra­by­nyň me­de­ni­ýet öýün­dä­ki gur­na­ga gat­nap­dyr. Şol dö­wür­de ejem wo­kal aý­dym­la­ry aý­dyp, me­de­ni çä­re­le­riň alyp­ba­ry­jy­sy hök­mün­de ta­na­lyp­dyr. Ejem na­har ta­ýyn­la­ýan ýa-da bir işe güý­me­nen wag­ty ýu­waş­ja­dan hiň­le­nen­de, mah­mal owa­zy hiç ki­mi bi­parh go­ýa­nok­dy. Ji­gi­le­ri­mi ýa­ty­ran­da aýd­ýan hüw­dü­le­ri hem öz­bo­luş­ly­dy… Bi­raz gam­gyn­dy… In­di-in­di­ler eje­miň owa­zyn­da, ar­zuw­la­ry­nyň za­ry­nyň bo­lan­dy­gy­na dü­şün­ýä­rin. Göw­nü­me bol­ma­sa, ejem ma­ňa öz ar­zuw­la­ry­ny mi­ras go­ýup gi­den ýa­ly duý­gu­la­ry baş­dan ge­çir­ýä­rin.
– Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň “Teatr sun­ga­ty” fa­kul­te­ti­niň “Dra­ma we ki­no akt­ýo­ry” bö­lü­min­de alan bi­li­mi­ňiz Mol­la­ne­pes te­at­ryn­da zäh­met ýo­lu­na dü­şe­ni­ňiz­den soň ýe­ter­lik bol­du­my?
– Adam ömür­bo­ýy okap ýör­se-de, he­niz öw­re­nil­me­dik zat­la­ryň aňyr­sy-bär­si gör­ne­nok. Hem aňyr­dan gel­ýän gym­mat­lyk­la­ry öw­ren­me­li, hem tä­ze­lik­ler­den ha­bar­ly bol­jak bol­ma­ly.
– Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­tyn­da okan döw­rü­ňiz­de haý­sy ha­ly­pa­lar­dan tä­lim al­dy­ňyz?
– Ta­lyp­lyk ýyl­la­ry yn­sa­nyň iň bagt­ly gün­le­ri­dir. Bi­ziň kä­mil­li­ge bar­ýan ýo­lu­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ogul­dur­dy Mäm­met­gu­ly­ýe­wa, «Akt­ýo­ryň us­sat­ly­gy» sa­pa­gyn­dan tä­lim be­ren Türk­me­nis­ta­nyň ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa bir­le­şi­gi­niň ag­za­sy, ki­no­re­žiss­ýor, sse­na­ri­çi Öw­lü­ýä­gu­ly Ku­ly­ýew, ki­no­re­žiss­ýor Dur­dy Ny­ýa­zow, sah­na us­sa­dy, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ogul­jan Ny­ýaz­ber­di­ýe­wa da­gy­nyň aý­ra­tyn zäh­met­le­ri bar. Çün­ki olar öz ýö­rel­ge­le­rin­de berk dur­ýan, ta­lap­kär mu­gal­lym­lar­dy, ola­ryň eden ta­lap­la­ry bi­ze di­ňe ýag­şy­lyk bo­lup do­lan­dy.
– Ta­lyp­lyk ýyl­la­ry­ňyz sa­pak­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren keş­bi­ňi­ziň haý­sy­sy ýa­dy­ňyz­da gal­dy?
– Ýa­dym­da ga­lan wa­ka­la­ryň bi­ri, 2-nji ýyl ta­lyp­dym. Bir gün men sa­pak­da haý­sy­dyr bir ze­na­nyň iç­gep­let­me­si­ni keş­be gi­rip be­ýan et­me­li­dim. Men şon­da öz dur­mu­şym­da eme­le ge­len ýag­daý ar­ka­ly gah­ry­ma­nyň keş­bi­ni ýü­ze çy­kar­mak­çy bo­la­nym­da, mo­no­lo­gy­my üns­li diň­läp otu­ran mu­gal­ly­my­myz Ogul­dur­dy Mäm­met­gu­ly­ýe­wa: «Ýok, bul-a bol­ma­dy. Bu jan­lan­dy­ran keş­biň se­niň özüň ýa­ly-la, ma­ňa sen däl, gah­ry­ma­nyň iç­ki dün­ýä­si gy­zyk­ly. Sen bar, ol ýok. Ha­ny ol?» di­ýip, so­rag­ly na­za­ry­ny ma­ňa gö­nük­di­rip­di.
– Teatr­da dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na dü­şe­ni­ňiz­den soň, haý­sy sah­na oý­nu­na gat­naş­dy­ňyz. El­bet­de äh­li za­dyň ba­şy nä­bel­li­lik­den baş­la­nan­soň, si­ze-de bir­ba­da ýe­ňil dü­şen däl bol­sa ge­rek!
– 1998-nji ýyl­da Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň dra­ma we ki­no akt­ýo­ry bö­lü­mi­ni ta­mam­lap, şol ýyl ozal­ky Mol­la­ne­pes adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na düş­düm. Teatr­da tu­ruw­baş­dan us­sat re­žiss­ýor, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Täç­mäm­met Mäm­met­we­li­ýew bi­len iş­leş­mek mi­ýes­ser et­di. Men bu teatr­da il­kin­ji ge­zek «Ga­la» spek­tak­lyn­da köp­çü­lik sah­na­syn­da çy­kyş edip­dim. Şol wa­ka­nyň ýy­ly, aýy, gü­ni, sa­ga­dy­na çen­li ýa­dym­da. Il­kin­ji ge­zek uly ar­tist­ler bi­len mu­kad­des sah­na çyk­mak, ola­ryň keşp­dä­ki dur­mu­şy­ny ýa­kyn­dan syn­la­mak, in­di gö­rüp otur­sam, dur­mu­şy­myň aý­gyt­ly sa­hy­pa­la­ry­nyň bi­ri eken. Şon­da mu­gal­ly­myň gah­ry­ma­nyň dün­ýä­si ba­ra­da aý­dan­la­ry ýü­re­gi­me jüňk bol­dy. Şol gün sah­na­da me­niň ta­na­ýan ar­tist­le­rim­den nam-ny­şan ýok­dy. Di­ňe keşp­ler­dä­ki gah­ry­man­lar bar­dy. Şeý­le­lik­de, me­niň dur­mu­şym­da tä­ze dö­wür baş­lap, mil­li dra­ma­tur­gi­ýa­nyň we dün­ýä­niň nus­ga­wy eser­le­rin­den sah­na­laş­dy­ry­lan spek­takl­lar­da ma­ňa bir­nä­çe keşp­le­ri yna­nyp baş­la­dy­lar. Aja­ýyp eser­ler bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň on­lar­ça­sy­nyň sah­na­la­ryn­da çy­kyş et­dik. Şol sah­na­lar­da türk­men di­li­niň şi­rin­li­gi bi­len dür­li gah­ry­man­la­ra jan ber­dik.
– Siz te­at­ryň ýa­nyn­da dö­re­di­len 10 aý­lyk “Teatr stu­di­ýa­syn­da” hem mu­gal­lym­çy­lyk et­di­ňiz. Si­ziň ýe­tiş­di­ren ta­lyp­la­ry­ňy­zyň ara­syn­dan öňe saý­la­nan­la­ry bol­du­my? Eger şeý­le bol­sa olar­dan kä­bi­ri­ni ýat­lap geç­se­ňiz?
– Ha­wa, şol teatr stu­di­ýa­syn­da bu ugur­dan il­kin­ji tä­lim alyp, şu wagt türk­men teatr sun­ga­tyn­da, sun­ga­tyň beý­le­ki ugur­la­ryn­da kä­mil­leş­ýän ýaş­lar­dan my­sal­lar bar. Hä­zir­ki dö­wür­de bi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň Baş aka­de­mi­ki te­at­ry­nyň sah­na­syn­da gah­ry­man ýi­git­le­riň keş­bi­niň bir­nä­çe­si­ni dö­re­dip, ha­ly­pa­la­ryň yna­my­ny ga­za­nan ýaş ar­tist Be­genç Gar­ly­ýe­wiň, Ma­ry­nyň Ke­mi­ne adyn­da­ky dra­ma te­at­ry­nyň ýaş re­žiss­ýo­ry Lä­le Ese­no­wa­nyň, ýe­ne bi­ziň te­at­ry­myz­da zäh­met çek­ýän ze­hin­li gyz­lar Şem­şat Hot­jy­ýe­wa­nyň, Ogul­göw­her Mu­ham­me­do­wa­nyň we baş­ga-da bir­nä­çe og­lan-gyz­la­ryň teatr ug­run­dan gel­je­gi uly bo­lar di­ýip pi­kir ed­ýä­rin.
– Ozal­ky Mol­la­ne­pes te­at­ryn­dan baş­lan zäh­met ýo­lu­ňyz in­di dur­mu­şy­ňyz­da 20 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri do­wam ed­ýär. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len bu te­at­ryň meş­hur sah­na us­sat­la­ry­nyň baş­da si­zi nä­hi­li gar­şy­lan­dyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­räý­se­ňiz?
– Ýaş ar­tist he­mi­şe ga­ty se­re­sap­ly­lyk bi­len ka­bul edil­ýär, me­nem şeý­le akt­ri­sa­la­ryň ha­ta­ryn­da­dym. Is­len­dik kär­de-de tä­ze iş­gä­riň peý­da bol­ma­gy ha­ly­pa­lar­da gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän bol­ma­ly. «Bu ge­len kim? Bi­ziň ýo­lu­my­zy do­wam et­di­rip bil­jek­mi ýa-da or­ta ýol­da yzy­na gaýt­jak­my? Ukyp-ba­şar­ny­gy, ze­hi­ni nä­hi­li­kä? Hä­si­ýet ba­bat­da ne­neň­si?». Ga­raz, şu kys­my so­wal­la­ry ha­ly­pa­la­ryň ga­bat ge­len ýer­le­rin­de, ola­ryň göz­le­rin­den oka­ýar­dym. El­bet­de to­par­da­ky ha­ly­pa­lar tö­tän­den bo­la­ýan säw­lik­le­re sa­byr­ly bol­sa­lar-da, ta­la­be­di­ji sah­na us­sa­dy, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ýe­li­za­we­ta Ga­ra­ýe­wa ýa­ly ägirt­le­riň içiň­den par­ran ge­çip gid­ýän iç­gin ba­kyş­la­ry şu gün­ki ýa­ly ýa­dym­da. Ýö­ne her ni­çik­de bol­sa, olar sun­gat adam­la­ry bo­lan­soň, dö­züm­siz bo­lup, el­my­da­ma öz­bo­luş­ly, ugur­ta­py­jy­ly­gy bi­len göw­nü­mi­ze deg­män dü­şün­dir­ýär­di­ler. Olar hiç wagt hem öz­le­ri­niň ha­ly­pa­dy­gy­ny gör­kez­jek bo­lup çyt­raş­ma­ýar­dy­lar. Is­len­dik wagt kö­me­ge ta­ýyn­dy­lar. Has ta­ky­gy, ha­ly­pa­lar ýaş­lar­dan bir zat ta­lap et­se­ler, di­ňe ha­ly­pa­nyň de­re­je­sin­de ta­lap ed­ýär­di­ler.
– Gü­lä­lek, men te­at­ryň re­per­tua­ry bi­len ta­nyş­dym we­lin, siz köp san­ly spek­takl­da esa­sy keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip­si­ňiz. Bu­la­ryň äh­li­si dür­li hä­si­ýet­dä­ki ze­nan­la­ryň keşp­le­ri­ni aç­ma­ga, si­ziň dra­ma ar­tis­ti bo­lup kä­mil­leş­me­gi­ňi­ze ýar­dam be­ren­dir di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. Şu ýer­de ýe­ne bir so­wal bi­zi gy­zyk­lan­dyr­ýar, ge­çen asy­ryň 50-nji ýyl­la­ryn­da ýa­zy­lan kä­bir pýe­sa­la­ryň hä­zir­ki döw­re nä­de­re­je la­ýyk­dy­gy, hä­zir­ki ýaş ne­sil­le­re nä­de­re­je­de düş­nük­li­di­gi ba­ra­da gür­rüň ber­se­ňiz?
– To­pa­ry­my­zyň sah­na­laş­dyr­ýan pýe­sa­la­ry­nyň möw­ri­ti­ni ge­çir­ýän sah­na oýun­lar däl­di­gi­ni, hiç ha­çan kö­nel­me­ýän tä­ze sah­na oýun­la­ry­dy­gy­ny bel­lä­sim gel­ýär. Has ir­ki dö­wür­ler­de ýa­zy­lan dün­ýä bel­li nus­ga­wy eser­ler­den hem sah­na oýun­la­ry go­ýul­ýar. Teatr – duý­gu­la­ryň mes­ge­ni. Bu ýer­de pi­kir­den hem öň­de duý­gy çöş­le­nil­ýär. My­sal üçin, yn­sa­nyň iç­ki duý­gu­la­ry­ny in­çe­lik bi­len yzar­la­ýan söý­gi te­ma­sy hiç wagt kö­nel­mez. To­ma­şa­çy sah­na­dan özü­ne ge­rek­li za­dy al­ýar, oňa özü­çe ba­ha ber­ýär, ze­rur ha­la­tyn­da öz dur­mu­şyn­da ulan­ýar. Men ol sah­na oýun­la­ry­nyň hiç ha­çan hem öz gym­ma­ty­ny ýi­tir­me­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

– Haý­sy keşp­le­ri oý­na­mak is­le­ýä­ňiz?
– Keş­biň go­wu­dy­gy­ny ýa-da er­bet­di­gi­ni do­ly aý­dyp bol­ma­jak ma­ha­ly has-da gy­zyk­ly. Dog­ru­sy, ma­ňa yk­ba­ly çyl­şy­rym­ly adam­la­ryň keş­bi­ni oý­na­mak has gy­zyk­ly.
– Ede­bi­ýat bi­len sah­na­nyň ara­bag­la­ny­şy­gy ba­ra­da aý­daý­sa­ňyz?
– Ede­bi­ýat we sun­gat her bir ada­myň dur­mu­şyn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Hat­da jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şy­ny ede­bi­ýat­syz we sun­gat­syz göz öňü­ne ge­ti­rip bil­me­ris. Ede­bi­ýat söz sun­ga­ty bo­lup, olar ar­ka­ly sah­na eser­le­ri dö­re­dil­ýär. Sah­na üçin ni­ýet­le­nip ýa­zy­lan eser­ler bi­zi dur­mu­şa atar­ýar, öw­red­ýär we on­dan özü­mi­ziň iň nä­zik ru­hy duý­gu­la­ry­my­zy tap­ýa­rys. Ede­bi­ýat dur­mu­şa akyl ýe­tir­mä­ge kö­mek ed­ýän bol­sa, sah­na ola­ry jan­lan­dyr­ýar. Ýa­zy­jy öz pi­ki­ri­ni, duý­gu­la­ry­ny we dün­ýä­ga­raý­şy­ny ýü­ze çy­ka­ryp, oky­ja tä­sir et­mek üçin ede­bi eser­le­ri dö­red­ýär. Re­žiss­ýo­ryň esa­sy mak­sa­dy hem şun­dan yba­rat. Sah­na bi­len ede­bi­ýat bir-bi­ri bi­len öza­ra bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, ola­ryň bi­ri beý­le­ki­si­ne has çuň­ňur dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Has ta­ky­gy, sun­gat­lar bir-bi­ri­ne ge­çip, ola­ryň bir gör­nü­şi özü­niň do­wa­ma­ty­ny we üs­tü­niň ýe­ti­ril­me­si­ni beý­le­ki bir sun­gat­da ýü­ze çy­kar­ýar. Dur­muş bi­len bi­le dö­rän bu iki ugur bi­ri-bi­ri bi­len ara­gat­na­şyk­da dur­mu­şyň dür­li wa­ka­la­ry­ny we adam­la­ryň iç­ki duý­gu­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ýar.
– Sö­ýüp oka­ýan ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­ňyz bar­my?
– Özü­me hem-de tö­we­re­gim­dä­ki dün­ýä dü­şün­mä­ge ki­çi­ji­gem bol­sa kö­mek ed­ýän eser­le­ri oka­ma­gy has go­wy gör­ýä­rin. Köp­lenç Mag­tym­gu­ly­nyň, Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň goş­gu­la­ry­ny, da­şa­ry ýurt ýa­zy­jy­la­ryn­dan li­wan-ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Jeb­ran Ha­li­liň, awst­ri­ýa­ly ýa­zy­jy Ste­fan Sweý­giň eser­le­ri­ni oka­ýan.
– Si­ziň gat­naş­ma­gy­ňyz­da bel­li bir dö­wür­ler­de bir­nä­çe film­ler hem su­ra­ta dü­şü­ri­lip to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­di. Ola­ryň için­de haý­sy keşp si­ziň göw­nü­ňiz­den tur­dy?
– Dog­ru­sy, film­ler­dä­ki keşp­le­ri­mi gu­tar­nyk­ly ha­sap ede­mok, has go­wy edip bo­lar­dy di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. «Şa ge­ňe­şi­niň öň ýa­ny» fil­min­de gah­ry­man gel­niň baş­dan ge­çir­ýän wa­ka­la­ry ga­ty gy­zyk­ly hem tol­gun­dy­ry­jy bo­lup­dy…
– Me­niň pi­ki­rim­çe, siz har­by dur­muş bi­len bag­la­ny­şyk­ly film­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren keş­bi­ňiz bi­len köp­le­riň ýa­dyn­da gal­dy­ňyz. «Ka­sam ed­ýä­ris» fil­min­de siz ki­çi leý­te­nant Döw­le­to­wa­nyň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­re­ni­ňiz ýa­dym­da…
– Bu film­de su­ra­ta düş­mek üçin men­den baş­ga-da bir­nä­çe gyz ça­gy­ry­lyp­dy, biz bu fil­mi su­ra­ta dü­şür­mek üçin da­ga gi­dip­dik, şol ýer­de meý­dan şert­le­rin­de ýa­şap, har­by tä­lim­ler bi­len meş­gul bo­lup, da­ga dyr­maş­mak üçin al­pi­nist­ler­den sa­pak alyp­dyk.
– Ki­no­da­ky wa­ka­la­ryň dur­mu­şy­ňy­za tä­si­ri­ni ýe­ti­ren ha­lat­la­ry bol­du­my?
– As­lyn­da, her keşp bir yz goý­ýar. «Ka­sam ed­ýä­ris» fil­min­den soň, har­by gyz­lar ýa­ly tu­tan­ýer­li, do­gum­ly hä­si­ýet­ler men­de-de ke­ma­la ge­len ýa­ly bol­dy. Iň soň­ky dü­şen «Zy­ba­gö­zel» at­ly film­den soň bi­raz ýum­şa­dym öýd­ýän. Se­bä­bi film­dä­ki ro­wa­ýa­ta ça­lym­daş wa­ka­da Zy­ba­gö­ze­liň eje­si – me­niň keş­bi­miň gah­ry­ma­ny şeý­le ýum­şak hä­si­ýet­li ze­nan. Ýan­ýol­da­şy şol bir ýum­şy nä­çe ge­zek bu­ýur­sa-da, ol şon­ça ge­zek ga­şy­ny çyt­man ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
– Re­žiss­ýor­lar bi­len iş­le­şe­ni­ňiz­de kyn­çy­lyk ýü­ze çyk­ýan ha­lat­la­ry bol­ýar­my?
– Ha­wa, re­žiss­ýor Oraz­my­rat Gum­ma­dow yn­jyk­dan ju­da ta­la­be­di­ji adam­dy. Iş gy­zyk­ly geç­ýär­di. Re­žiss­ýor bi­len kä­te dü­şü­niş­mez­lik bo­lup, bi­ze gy­gyr­ýan ha­lat­la­ry hem bol­ýar­dy, ýö­ne, onuň so­ňy ýok­dy, hat-da ga­ty­rak gi­den­li­gi üçin biz­den öňür­dip, ötünç so­ra­ýar­dy. Şo­nuň üçin hem­mä­miz onuň bi­len ho­şa­maý gat­na­şyk­da bol­ýar­dyk.
– Sah­na­da ýa-da film­de, esa­san, ki­miň pi­ki­ri mö­hüm rol oý­na­ýar?
– Ese­ri düz­mä­ge gat­naş­ýan adam­la­ryň äh­li­si­niň pi­ki­ri­ni hor­mat­la­mak hem­me­le­riň bor­jy. Ýö­ne, esa­sy söz re­žiss­ýo­ryň­ky. Ýa­zy­jy haý­sam bol­sa bir pi­ki­ri or­ta atyp, eser ýaz­ýar. Re­žiss­ýor ýa­zy­jy­nyň eser­dä­ki öňe sür­ýän ide­ýa­sy­ny nä­hi­li ýol bi­len ni­rä çen­li alyp git­me­li­di­gi­ni kes­git­le­ýär. Ar­tist bol­sa, şol pi­kir­le­ri jem­läp, özü­nem go­şup, keşp dö­red­ýär. Haý­sy ar­tis­tiň öz pi­ki­ri, söý­gü­si çuň bol­sa, şo­nuň keş­bi hem tä­sir­li bol­ýar. Keşp­le­riň jem­len­me­sin­den hem sah­na oý­ny eme­le gel­ýär.
– Gel­jek­ki me­ýil­na­ma­la­ry­ňyz ba­ra­da hem du­rup geç­se­ňiz?
– Hä­zir­ki wagt­da men meş­hur bri­tan dra­ma­tur­gy Pi­ter Şef­fe­riň «Ama­deý» at­ly pýe­sa­sy­ny ta­ny­mal ter­ji­me­çi Ça­ry Gel­di­my­ra­do­wa ter­ji­me et­di­rip, öz iş me­ýil­na­ma­ma goş­dum. Eger-de äh­li zat ug­ru­na bol­sa, onuň gel­jek­de şow­ly sah­na eser­le­ri­niň bi­ri bol­jak­dy­gy­na yna­mym uly.
– Hä­zi­re çen­li si­ziň re­žiss­ýor­ly­gy­ňyz­da haý­sy sah­na oýun­la­ry to­ma­şa­çy­la­ra hö­dür­len­di?
– Hä­zi­re çen­li dra­ma­turg Gow­şut­gel­di Da­ňa­ta­ro­wyň «Yş­gyň gä­mi­si», rus ýa­zy­jy­sy An­ton Çe­ho­wyň «Aýy» pýe­sa­sy esa­syn­da sah­na­laş­dy­ry­lan ady­bir sah­na ese­ri, iň­lis dra­ma­tur­gy Wil­ýam Şeks­pi­riň «Ro­meo we Jul­ýet­ta», dra­ma­turg Taň­ry­ber­di Ho­jak­ga­ýe­wiň «Wah, siz aýal­lar…» sah­na oýun­la­ryn­da özü­mi re­žiss­ýor hök­mün­de sy­nap gör­düm. Olar giň halk köp­çü­li­gi­ne hö­dür­len­di. To­ma­şa­çy­la­ry­myz ha­lan bol­sa­lar zäh­me­ti­mi­ziň ýe­ri­ne düş­dü­gi bo­lar­dy.
– Gü­lä­lek, si­ziň bi­len söh­bet­deş­lik ga­ty gy­zyk­ly bol­dy. Şeý­le gy­zyk­ly söh­bet­deş­lik üçin oky­jy­la­ryň adyn­dan köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys. Teatr­da, ki­no­da, te­le­ra­dio­ýaý­lym­lar­da­ky çy­kyş­la­ry­ňyz­da üs­tün­lik ar­zuw ed­ýä­ris.
– Sag bo­luň!

Söh­bet­deş bo­lan Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.
«Za­man-Türk­me­nis­tan».