19-njy martdan başlap, Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşi 14-nji maýda geçiriljek saýlawlara respublikanyň prezidentligine dalaşgärleri hödürlemek baradaky arzalary kabul edip başlar. Bu tapgyr 23-nji martda 17:00-da tamamlanar, dalaşgärleriň sanawy 31-nji martda täze güýje giren kanundyr permanlaryň çap edilýän neşiri bolan “Resmi” gazetde çap ediler we şondan soň kampaniýa başlanar. Bu barada Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň kararynda tassyklanýar.
Geňeş geçen 13-nji martda “saýlaw senenamasyny” tassyklady. Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Ahmet Iner žurnalistlere ýurtdaky saýlaw kampaniýasynyň 18-nji martda başlajakdygyny we 13-nji maýda, “dymyşlyk güni” yglan ediljekdigini aýtdy. Prezident we parlament saýlawlary 14-nji maýda geçiriler, zerur bolsa 28-nji maýda respublikanyň baştutanynyň saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler.
Saýlawlara gatnaşjak syýasy partiýalar ýa-da bileleşikler 24-nji martda günüň ahyryna çenli dalaşgärleriniň sanawyny Ýokary saýlaw geňeşine tabşyrmaly.
Türkiýäniň häzirki Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 10-njy martda başda meýilleşdirilen wagty 18-nji iýunda däl-de, 14-nji maýda prezident we parlament saýlawlaryny geçirmek baradaky karara gol çekdi. Şol gün ol Ýokary saýlaw geňeşi tarapyndan tassyklandy.
Erdogan dolandyryjy Halk (Jemhur) bileleşigi tarapyndan prezidentlige dalaşgär. Onuň esasy bäsdeşi, alty partiýadan ybarat bolan Millet bileleşiginiň bilelikdäki teklibi bilen saýlanan Respublikan Halk partiýasynyň (CHP) lideri Kemal Kylyçdaroglu bolar.
Birnäçe syýasatçy saýlawlara gatnaşmak isleýändiklerini mälim etdiler. Olaryň arasynda 2018-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlaryna gatnaşan CHP-iň öňki wekili Muharrem Inje, parlamentiň öňki agzasy, “ATA” syýasy bileleşiginiň lideri Sinan Oran, “Türkiýe” blogynyň başlygy, öňki prezident Turgut Özalyň ogly Ahmet Özal we beýlekiler göze ilýär. Ýöne bilermenler olaryň saýlawda örän az netije aljakdyklaryny belleýärler. Esasy bäsdeşlik ýokarda agzalan iki bileleşigiň dalaşgärleriniň arasynda bolar.
Saýlawlar barada
Dalaşgär saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanmak üçin 50%-den köp ses almaly. Eger dalaşgärleriň hiç biriniň sesi 50 göterimden geçmese, iň köp ses alan iki dalaşgäriň gatnaşmagynda ikinji saýlaw geçiriler. Ikinji tapgyrda köp ses alan dalaşgär bäş ýyllyk möhlete prezident wezipesine saýlanar. Parlament saýlawlarynda 5%-den köp ses alan bir partiýa ýa-da partiýa bileleşigi prezidentlige dalaşgär hödürläp biler. Garaşsyz dalaşgärler özleriniň goldawlary üçin 100 müň gol ýygnamaly.
Mundan ozalky prezident saýlawy 2018-nji ýylyň 24-nji iýunynda geçirilipdi. Şonda Erdogan 52,6% ses alyp, ýeňiş gazandy. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, yzly-yzyna iki gezekden köp prezident wezipesine dalaş edip bolmaýar. Şeýle-de bolsa, Erdogan bu wezipä ilkinji gezek 2014-nji ýyldan girişipdi. Emma 2018-nji ýylda ýurtda parlament respublikasyndan prezident respublikasyna geçmek barada kanun kabul edilipdi. Şol ýyl Erdogan ikinji gezek bu wezipä saýlanan hem bolsa, ýurduň döwleti dolandyryş ulgamynyň üýtgedilendigi öňe sürlüp, Prezident Erdoganyň bu wezipä birinji möhlete saýlanýandygy aýdyldy. Şeýlelikde, 2018-nji ýyldan ozal bu wezipäni ýerine ýetirmegi ozalky düzgüne görä amala aşyrandygy bellenip, döwleti dolandyrmagyň täze ulgamy güýje girenden soňky döwür hasap edildi.