12-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän Ka­tar Hal­ka­ra ta­gam fes­ti­wa­ly (QIFF) öz işi­ne baş­la­dy. Ge­çen ýyl fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ka­bul eden ýurt­da ýe­ne bir iri çä­re ge­çi­ril­ýär. Çem­pio­nat döw­rün­de meş­hur­ly­gy ar­tan paý­tagt Do­ha­nyň Lu­saýl Bul­wa­ry se­bi­tin­de ge­çi­ril­ýän çä­rä müň­ler­çe adam gat­naş­ýar. “Lu­sa­il Al Sa’ad Pla­za”-da ge­çi­ril­ýän içim­lik we na­har fes­ti­wa­ly 21-nji mar­ta çen­li do­wam eder. Fes­ti­wal­da dür­li ýaş­da­ky myh­man­lar üçin gy­zyk­ly güý­men­je­ler bar. Bu ýer­de fe­ýer­werk­le­riň şow­hu­ny, aş­pez­lik us­sat­ly­gy­ny sy­nap gör­mek is­le­ýän­ler üçin dür­li bäs­le­şik­ler hem ge­çi­ril­ýär. Bu ýe­re bar­ýan­lar ýur­duň mil­li ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dö­ner ke­ba­by, Mek­si­ka­nyň ta­ko­sy ýa-da Li­ber­ýa­nyň tü­wi çö­re­gi ýa­ly dün­ýä­niň dür­li ýer­le­ri­niň müň­ler­çe ta­ga­my­ny da­dyp gör­mä­ge müm­kin­çi­lik alar­lar. Şeý­le hem ta­gam fes­ti­wa­ly­na gat­na­şy­jy­lar dün­ýä­niň iň ys­sy ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan Ka­tar­da bu­zuň üs­tün­de ta­ýyp bi­ler­ler.
Bu ýyl ýurt­da Ka­tar-In­do­ne­zi­ýa me­de­ni­ýet ýy­ly diý­lip kes­git­le­nen­di­gi üçin In­do­ne­zi­ýa has köp orun ber­lip­dir.
Fes­ti­wal meý­dan­ça­sy­nyň bir bö­le­gin­de di­ňe we­gan na­har­lar bar. Mun­dan baş­ga-da şu ýy­lyň okt­ýab­ryn­da “Ýa­şyl çöl, has go­wy daş­ky gur­şaw” ady bi­len Hal­ka­ra bag ösüm­lik­le­ri ser­gi­si­niň ge­çi­ril­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Fes­ti­wal­da bu ser­gi üçin hem aý­ra­tyn pa­wil­ýon bo­lup, fes­ti­wa­la gat­naş­ýan­la­ra ösüm­lik­le­ri sow­gat ed­ýär.