Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy her ýyl dünýäniň iň gowy obalaryny saýlaýar. Geçen ýyl bu baýraga dünýäniň 57 ýurdy 130 obany teklip etdi. Olaryň arasyndan 32 oba 2022-nji ýylda düýäniň iň gowy obalarynyň sanawyna girizilipdi. Golaýda Saud Arabystanynyň Alula şäheriniň köne şäher sebitinde dabaraly ýagdaýda sanawa giren obalara baýraklar gowşuryldy. Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň guraýan çäresi bu ýyl Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilýär. Baýraklary Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili hem-de Saud Arabystanynyň Syýahatçylyk ministri Ahmed Al Hatib gowşurdy. Dabarada ýeňiji bolan obalaryň taryhy we medeni gymmatlyklary barada wideorolikler görkezildi.
Dünýäniň iň gowy obalary 20 agzaly garaşsyz maslahatçylar tarapyndan taýýarlanýar. Sanawda Awstriýanyň Zellem Ze hem-de Wagraýn obalary, Çiliniň Pukeldon, Hytaýyň Dažaý we Sinsu, Kolumbiýanyň Koaçi, Ekwadoryň Aguariko we Angoçagua, Efiopiýada Çoka daglarynyň etegindäki Ekooba, Gruziýanyň Mestia, Türkiýäniň Birgi we beýleki birnäçe oba bar.