Soňky ýyllarda dakynylýan enjamlaryň satuwy yzygiderli artýar. Emma bu ösüş geçen ýylyň soňky çärýeginde birneme pese gaçypdyr. Bu barada “Canalys” marketing şereketiniň maglumatlarynda bellenilýär. “Apple”, “Xiaomi”, “Huawei”, “Samsung” we “Google” ýaly tehnologiýa ägirtleriniň çykarýan bu enjamlarynyň ýerine ýetirip bilýän işleri barha köpelýär. Maglumatlara görä, 2022-nji ýylyň oktýabr-dekabr aralygyny öz içine alýan döwürde 50 million dakynylýan enjam satylypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 18 göterim az diýmegi aňladýar. Bu ugurda öňdebaryjy kompaniýa bolan “Apple” ýylyň dowamynda ösüş gazanan hem bolsa, soňky çärýekde onuň hem satuwy pese gaçdy.
“Canalys” marketing şereketiniň bilermenleri “akylly” sagatlaryň satuwynyň 10 göterime golaý artyşynyň dowam etjekdigini belleýärler.