UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň jogap duşuşyklarynyň ýene-de 2-si oýnalyp, 2 çärýek finalçy belli boldy.  Germaniýadan deňme-deňlik bilen dolanan “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Leipsigi” taryhy hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Turuwbaşdan üstünlikli çykyş eden iňlis kluby eýýäm 1-nji ýarymda Erling Holannyň gollary bilen 3-0 öňe saýlandy. Norwegiýaly super ýyldyz 22-nji (p), 24-nji hem-de 45-2-nji minutlarda tapawutlanyp, şu möwsümdäki 5-nji het-trigini edip, ol bu ugurda hemmeden öňde barýar. 2-nji ýaryma-da Ilkaý Gündoganyň goly bilen başlan “Mançester Sitiniň” ýyldyzy 4 minutda ýene-de 2 gol geçirdi. 53-nji we 57-nji minutlarda tapawutlanan Erling Holann 57 minutda penta-trik etmegi başardy. Duşuşygyň 90+2-nji minutynda-da Kewin De Bruýne oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, 7-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Siti” umumy hasapda 8-1 öňe saýlandy. “Mançester Siti” topary bassyr 6-njy, umumylykda-da 7-nji gezek çärýek finala çykmagy başardy.

Duşuşykda 5 gezek tapawutlan Erling Holann UEFA Çempionlar Ligasynda Lionel Messiden (2012) hem-de Luiz Adrianodan (2014) soň 1 duşuşykda 5 gol geçiren 3-nji futbolçy boldy. Onuň bu ýaryşda geçiren gollarynyň sany 25 oýunda 33-e ýetip, ol 30 gol geçiren iň ýaş futbolçy rekordyny Kilian Mbappeden almagy başardy. Şeýle-de, 30 gola iň çalt ýeten futbolçy bolan Holannyň “Mançester Sitide” şu möwsümde geçiren gollarynyň sany 36 oýunda 39-a deň boldy. Holann karýerasynda ilkinji gezek 1 duşuşykda 5 gol geçirdi.