14-nji martda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň, häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek meseleleri, şol sanda, owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem sebitiň söwda-ykdysady giňişligindäki gatnaşyklary bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.