Oba hojalygyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, azyk howpsuzlygyny we sagdyn iýmitlenmegi üpjün etmek maksady bilen, önümçiligi halkara standartlara laýyklykda alyp barmak ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň esasy maksatlarynyň biridir. Bu ugurda netijeli işleýän kärhanalaryň biri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ýigit” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup “GLOBALG.A.P.” (Good Agricultural Practice – GAP) güwänamasyna eýe boldy.
“GLOBALG.A.P.” oba hojalyk önümleriniň howpsuzlygyny kepillendirýän, önümçiligiň hil we tehniki talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara standartlar ulgamydyr. Dünýäde ykrar edilýän standartlar ulgamynyň maksady azyk önümleriniň howpsuzlygyny, işgärleriň saglygynyň goraglylygyny we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmekden, daşky gurşawy goramakdan ybaratdyr. Bu standartlara laýyklyk güwänamasy önümçiligiň bütin aýlawy talabalaýyk guralan kärhanalara berilýär.
“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhana toplumynda agzalan talaplara laýyklykda, dünýä bazarynda ýokary islegli, “Mahmal” haryt nyşanly pomidorlar ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki möwsümde bu ýerde 18 müň tonna pomidor hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Geçen ýylyň oktýabryndan häzirki wagta çenli “Mahmal” pomidorlarynyň 7 müň tonnadan gowragy Russiýa, Gazagystana eksport edildi. Bu barada www.tstb.gov.tm web saýty habar berýär.