15-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda badalga berildi.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çoganly” ýaşaýyş toplumyna, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli myhmanlara bu şanly waka gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, dünýäniň, şol sanda Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işläp gelýän türkiýeli hyzmatdaşlaryň saldamly goşandyny kanagatlanma bilen belläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň möçberli maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin olara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlary mübärekläp, ýurdumyzda birbada üç sany döwrebap desganyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşýandyklaryny belläp, dabara gatnaşyjylary we halkymyzy bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda batly gadamlar bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ynsan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak mukaddes we parz işdir. Kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de düýpli özgertmegiň ýolunda biziň şu günki we ertirki maksatlarymyzy, wezipelerimizi kesgitleýär.
Döwletimiz öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda hemişe alada edýär. Sebäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň binýadydyr. Biziň her birimiziň saglyga degişli ýönekeý talaplary we barlaglary berjaý etmegimiz zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri berjaý edilende, raýatlarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak boljakdygyna ynam bildirdi. Iň esasysy bolsa, adamyň saglygy nesilleriň geljegi hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagydyr.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ynsan saglygyny berkitmek döwrebap anyklaýyş we bejeriş merkezlerini, şypahana edaralarynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmek, olaryň maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen aýrylmaz baglydyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Şeýle hem saglygy goraýyş ylmyny we bilimini ösdürmek, hünärmenleriň taýýarlyk derejesini kämilleşdirmek, ýokary derejeli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak zerurdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Pudagyň maddy-tehniki kuwwatyny artdyrmak bilen, oňa düýpli maýa goýumlary yzygiderli çekmek, bu ugurda daşary ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň uly üns berýän ugurlarynyň biridir.
Siziň bilşiňiz ýaly, saglygy goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli ýaş nesilleri kemala getirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini ylmy taýdan öwrenip, ilatyň saglygyny berkitmekde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän merkezleriň, derman kärhanalarynyň we okuw-ylmy edaralaryň aýratyn ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, amala aşyrylýan işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagaldyş-dynç alyş ulgamynyň tutuş toplumy döredildi. «Ene mähri» merkezleri, saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Baýramaly”, “Farap”, “Mollagara”, “Berzeňňi”, “Daşoguz”, “Awaza”, “Bagabat” şypahanalary, derman kärhanalary, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän edaralar bina edildi.
Hazaryň şypaly hem-de ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky Awazada çagalar we ulular üçin döwrebap sagaldyş-dynç alyş toplumlarynyň, myhmanhanalaryň onlarçasy guruldy. Bu edaralar raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde netijeli işleri alyp barýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda düýbi tutulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň hem uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza ýokary derejeli hyzmat edip, adamlaryň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramakda uly işleri bitirjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň durmuşyndaky ajaýyp waka — häzirki döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy bilen dabara gatnaşyjylary we ähli halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, düýbi tutulýan binalar toplumynyň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmegini arzuw etdi.
Soňra “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyga söz berildi.
Türkiýeli işewür dabara gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlenip, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, döwrebap saglyk merkezleriniň, köpugurly hassahanalaryň, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleriniň, şypahanalaryň, saglyk ulgamyna degişli beýleki birnäçe desgalaryň gurlup ulanmaga berlendigini aýtdy.
Türkmenistanda uzak ýyllaryň dowamynda baş potratçy hökmünde hyzmatdaşlyk edýäris, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekdäki ýetilýän belent sepgitlere goşant goşýandygymyza buýsanýarys diýip, Ahmet Çalyk belledi we özlerine bildirilen ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, türk kompaniýalarynyň abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň okgunly ösüşine mundan beýläk-de saldamly goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Dabara tamamlanandan soňra, ak ýektaýly oglanjyk we gyzjagaz şanly waka mynasybetli ýadygärlik senenamasynda ýazgy galdyrmagyny haýyş edip, Gahryman Arkadagymyza ýüzlenýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýadygärlik ýazgy galdyran gutujygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binasynyň düýbüne atyldy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny oklaýar hem-de halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berýär.
500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi Aşgabadyň demirgazyk bölegindäki “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde — beýleki lukmançylyk merkezleriniň ýakynynda gurlar. Paýtagtymyzyň giň lukmançylyk düzümleriniň üstüni ýetirjek bu saglygy goraýyş edarasy ilatymyza ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen hyzmatlary hödürlemäge niýetlenendir.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşyp, bu binalaryň gurluşyguna ak pata berdi.