Finlandlar yzygiderli geçirilýän pikir soralyşyklarda özüni bagtly saýýanlaryň arasynda hemişe öňdäki orunlary eýeleýärler. Dünýäniň iň bagly adamlary isleg bildirýänlere bagtly bolmagy öwretmegi maksat edinýär. Ýurduň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary bagtly bolmagy öwrenmek isleýänler üçin okuw derslerini bermegi meýilleşdirýär. Ýurduň Leýkländ sebitine barjak syýahatçylar ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilen obada dynç alarlar.
Bu ýerde dynç aljak myhmanlar tebigatdaky materiallardan zat ýasamagy öwrenerler, tokaýda we kölüň kenarynda maşk edip, köşeşdiriji ses we saz diňläp, fiziki we ruhy taýdan dynç alarlar. Olar ýörite hünärmenleriň gatnaşmagynda fin ýaşaýyş äheňinde ýaşap görerler.
Bilermenler Finlýandiýanyň tebigatyny halaýan we gowy bolmaga ymtylýan, köpçüligi halaýan adamlaryň bu hyzmatdan peýdalanmagynyň has netijeli boljakdygyny belleýärler.
Gyzyklanma bildirýänler 2-nji aprele çenli internet arkaly ýüz tutup bilýärler.