Şu gün, 17-nji mart­da paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi öz işi­ne baş­la­dy. Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry­nyň mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler. Mas­la­hat­da ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.
Şu ge­zek­ki ser­gi­de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dür­li ugur­da iş alyp bar­ýan ag­za­la­ry­nyň 200-den gow­ra­gy öz önüm­le­ri­ni hem-de ge­çen dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bu kö­pu­gur­ly göz­den ge­çi­ri­li­şiň öz işi­ne baş­la­ma­gy my­na­sy­bet­li se­na­gat­çy­la­ra we te­le­ke­çi­le­re ibe­ren Gut­la­gyn­da ge­çen 15 ýyl­da bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry­nyň ýe­ten sep­git­le­ri­niň hu­su­sy pu­da­gyň döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jü­ne öw­rü­len­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2008-nji ýyl­da dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň hu­su­sy işe­wür­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň 28 müň­den gow­ra­gy­ny özün­de jem­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry­nyň söw­da bo­ýun­ça ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň dep­gi­ni, 2008-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 39,3 es­se ýo­kar­lan­dy. Şu dö­wür­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri öz ön­dü­ren oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň ösü­şi­ni 130,4, se­na­gat önüm­le­ri­niň ösüş dep­gi­ni­ni bol­sa 82,8 es­se art­dyr­ma­gy ba­şar­dy­lar. Işe­wür­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­de hu­su­sy pu­da­gyň or­nu­ny düýp­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, içer­ki ba­zar­lar­da azyk hem-de ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.

Şu gün­ki ser­gi­de paý­tag­ty­myz­da hem-de we­la­ýat­lar­da giň ge­rim­li döw­let tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän iri kär­ha­na­lar­dyr ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri öz di­war­lyk­la­ry­ny ýaý­baň­lan­dyr­dy­lar. Olar­da bir­leş­mä­niň oba­se­na­gat top­lu­myn­da, azyk we gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat­da iş alyp bar­ýan ag­za­la­ry­nyň önüm­le­ri­dir hyz­mat­la­ry gör­ke­zil­ýär.
Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny açyp gör­kez­ýän no­bat­da­ky göz­den ge­çi­ri­liş­de te­le­ke­çi­le­riň dür­li ugur­lar­da ön­dü­rip baş­lan tä­ze önüm­le­ri­niň hem köp san­ly­sy­ny gör­mek bol­ýar.