16-njy mart­da Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si­ne gat­naş­ýan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len du­şuş­dy.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Öz­be­gis­ta­nyň Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy hök­mün­de alyp bar­ýan işi­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, se­bit gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­mak hem-de hä­zir­ki döw­rüň ýü­ze çyk­ýan tä­ze we­him­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, de­giş­li çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak üçin şu ge­zek­ki sam­mi­tiň mö­hüm meý­dan­ça bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy sam­mi­tiň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň hem-de gep­le­şik­le­riň tür­ki dil­li döw­let­le­riň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge, ola­ryň halk­la­ry­nyň dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dyp, türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da öza­ra yna­nyş­ma­gyň we açyk­ly­gyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra mah­sus ýo­ka­ry de­re­je­si­niň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de esa­sy şert hök­mün­de çy­kyş ed­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Söh­bet­deş­ler Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän gep­le­şik­le­riň we bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de soň­ky ýyl­lar­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki gat­na­şyk­la­ry­nyň dur­nuk­ly we ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi bel­le­nil­di. Şun­da iki ýur­duň gat­na­şyk­la­ry äh­lu­mu­my, se­bit sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýa­kyn­dy­gy ýa-da do­ly ga­bat gel­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ra mö­hüm orun de­giş­li­dir. Iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär we ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy ul­gam­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­lar iş­jeň gi­ňel­dil­ýär.
Söh­bet­deş­ler öza­ra gat­na­şyk­la­ryň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ta­rap­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny ut­gaş­dyr­mak, öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mek üçin de­giş­li çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-öz­bek to­pa­ry­nyň işi­ne wa­jyp or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­di­ler we to­pa­ryň şu ýy­lyň 6-njy mar­tyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len mej­li­si­niň jem­le­ri­niň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow we Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­me­giň ýo­lun­da tä­ze ädi­me öw­rül­jek­di­gi­ne, se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de yna­nyş­ma­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.