17-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Mäh­ri Bä­şi­mo­wa­nyň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly Il­çi­si Lu­sia Waýld bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­ti­ki, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­la­ryn­da türk­men-bri­tan hyz­mat­daş­ly­gy­na de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Türk­men ta­ra­py hyz­mat­daş­ly­gyň yzy­gi­der­li ösü­şi­ni bel­läp, iki ýur­duň ara­syn­da­ky öza­ra he­re­ket­le­riň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy nyg­ta­dy. Bu ba­bat­da, par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi üçin gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di.
Iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de Türk­men-bri­tan söw­da-se­na­gat ge­ňe­şi­niň işi­ne äh­mi­ýet­li orun be­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Onuň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk hem ös­dü­ril­me­gi bi­len bag­ly pi­kir alyş­mak üçin wa­jyp meý­dan­ça bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.
Türk­men-bri­tan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ugur­la­ry hök­mün­de ylym, bi­lim ul­gam­la­ryn­da­ky hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş, luk­man­çy­lyk, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ugur­la­ryn­da­ky öza­ra he­re­ket­ler be­ýan edil­di.