15-nji martda diplomatik ýollar arkaly Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Tebigy taryhy muzeýiniň – Leýbnis adyndaky ewolýusiýa we biodürlüligi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ähtnamanyň çäklerinde taraplar bilelikdäki işläp taýýarlamalary, aýratyn-da biologiýa, paleontologiýa we Ýer şary hakyndaky ylymlar boýunça, Türkmenistanda bilelikdäki gözleg-ylmy işleri, meýdan işlerini we ekspedisiýalary meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp bararlar.
Berliniň Tebigy taryhy muzeýi 1810-njy ýylda döredildi, muzeýde on müňden gowrak görnüşli nusgalary 30 milliondan gowrak zoologiki, paleontologiki we mineralogiki nusgalar bar.