17-nji mart­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­tar Döw­le­ti­ne bol­jak res­mi sa­pa­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ýurt­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şol ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da Ka­tar Döw­le­ti hem bar. Bu ýurt bi­len dost­luk­ly, ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy.
Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de sa­par­la­ra hem-de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ra mö­hüm orun de­giş­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, soň­ky ýyl­lar­da iki ýur­duň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­la­ryň bä­şi­si­niň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Şeý­le hem hö­kü­met­le­riň we da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça yzy­gi­der­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Ta­rap­la­ryň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­dä­ki gat­na­şyk­la­ry ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­dir. Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da we gi­ňelt­mek­de bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň işi uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Onuň no­bat­da­ky mej­li­si­ni şu ýy­lyň do­wa­myn­da Aş­ga­bat­da ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Göz öňün­de tu­tul­ýan res­mi sa­pa­ra taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li mak­sat­na­ma hö­dür­le­nil­di.

Do­ha­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­tin­dä­ki il­çi­ha­na­sy­ny aç­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň dost­luk däp­le­ri­niň, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­syn­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, iki ýur­duň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1996-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da ýo­la go­ýul­dy. Şu sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Do­ha şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­tin­dä­ki il­çi­ha­na­sy­ny aç­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam eder.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy, şol san­da söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu ba­bat­da öza­ra bäh­bit­li işe­wür gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin oňat müm­kin­çi­lik­ler bar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly üns be­ril­ýär.
Şeý­le­lik­de, no­bat­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­ler däp bo­lan türk­men-ka­tar hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge tä­ze iter­gi ber­me­li­dir. Onuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ýurt­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan res­mi sa­pa­ra ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.