Ýa­kyn gün­ler­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow Ka­tar Döw­le­ti­ne res­mi sa­par­da bo­lar. Bu ba­ra­da 17-nji mart­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow ha­bar ber­di.
Şu sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Do­ha şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­tin­dä­ki il­çi­ha­na­sy­ny aç­mak hem me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam eder. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1996-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ýo­la go­ýu­lup­dy.