17-nji mart­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa Mil­li ba­har baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni dün­ýä halk­la­ry­nyň, şol san­da türk­men hal­ky­nyň öz­bo­luş­ly hem-de kö­pu­gur­ly be­lent ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny, ta­ry­hy-me­de­ni däp­le­ri­ni be­ýan edip, hal­ka­ra me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da 21-nji mart­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­dä­ki “Now­ruz ýaý­la­syn­da” baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na Mil­li ba­har baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän “Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta ça­gy­ry­lan da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry hem gat­naş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan Now­ruz baý­ra­my­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çe­kip, ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de we oba­la­ryn­da baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň äh­li­si­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.