17-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we gowaça ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, gowaça ekişine guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişi üçin zerur bolan möçberde tohumlar hem-de ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly taýýarlanyldy. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ekiş möwsüminde ýurdumyz boýunça jemi 1 müň 800 sany gowaça ekijini we bejergi traktorlaryny işletmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belläp, ýurdumyzyň pagtaçylarynyň durmuşynda möhüm möwsümiň — gowaça ekişiniň golaýlap gelýändigini nygtady hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda — anna güni, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda — çarşenbe güni gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.