Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­dy­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny gow­lan­dyr­mak, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek ýa­ly il-ýurt bäh­bit­li ägirt uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şu gün tu­tuş ýur­dy­myz bo­ýun­ça ýaz­ky bag ek­mek möw­sü­mi ba­dal­ga al­dy. Mu­nuň özi Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň de­giş­li Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da şu gün ýur­dy­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­ra­byn­da hem äh­li­halk ýaz­ky agaç na­ha­ly­ny ek­mek çä­re­si ge­çi­ril­di. Ga­dy­my Kö­ne­ür­genç şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ge­çi­ri­len bu zäh­met çä­re­si­ne dür­li pu­dak­lar­da zäh­met çek­ýän ra­ýat­lar uly ru­hu­be­lent­lik­de gat­naş­dy­lar. Olar müň­ler­çe düýp agaç na­hal­la­ry­ny ek­di­ler, öň­ki bar bo­lan na­hal­la­ra ideg et­di­ler. Na­hal­la­ryň düýp­le­ri­ni ýum­şat­mak, agaç­la­ry ti­mar­la­mak, suw ber­mek ýa­ly ideg iş­le­ri­ni ge­çir­di­ler. Ýaz­ky bag ek­mek çä­re­si­niň do­wa­myn­da aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Et­ra­by­my­zyň aý­dym­çy­la­ry öz­le­ri­niň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry bi­len agaç ek­mek möw­sü­mi­ne gat­naş­ýan­la­ra ru­hy lez­zet paý­lap, çä­rä­niň tä­sir­li­li­gi­ni has-da art­dyr­dy.
Ýy­lyň-ýy­ly­na bag ek­mek möw­sü­mi­niň yz­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň gö­zel te­bi­ga­ty­ny has-da gö­zel­leş­dir­ýär, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň go­wu­lan­ma­gy­na uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ekil­ýän na­hal­la­ry wag­tyň geç­me­gi bi­len gür agaç­lyk­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Agaç­lar ho­wa­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne siň­di­rip, köp muk­dar­da kis­lo­ro­dy özün­den bö­lüp çy­kar­ýar. Bu hem bol­sa ho­wa­my­zyň aras­sa tä­miz bol­ma­gy­na uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Amat­ly ho­wa şert­le­ri­niň eme­le gel­me­gi adam sag­ly­gy­na hem äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar.
“Kim­de-kim bir agaç ek­se ýa­dy­gär, dün­ýäň ki­ta­byn­da onuň ady bar” – di­ýip şa­hyr aýt­myş­la­ýyn Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň her bir ra­ýa­ty ýaz­ky na­hal ek­mek çä­re­si­ne iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Äh­li eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, uly ýol­la­ryň, kö­çe­le­riň gy­ra-tö­we­rek­le­rin­de, oba­la­ryn­da na­hal­la­ry ek­mek, öň­ki bar bo­lan na­hal­la­ra ideg et­mek, aras­sa­çy­lyk-aba­dan­laş­dy­ryş ýa­ly iş­ler gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň esa­sy hü­när­me­ni.