22-nji mart­da bel­len­jek Bü­tin­dün­ýä suw gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da hü­när­men­ler dün­ýä­niň dür­li se­bit­le­rin­de hä­zir­ki wagt­da suw ýet­mez­çi­li­gi­ni baş­dan ge­çir­ýän 2 mil­liard­dan gow­rak ada­my suw bi­len üp­jün et­me­giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ýar­lar.
Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk we ösüş gu­ra­ma­sy­nyň (OECD) ha­sa­ba­ty­na gö­rä, 2050-nji ýy­la çen­li dün­ýä ila­ty­nyň 60%-i suw ýet­mez­çi­li­gi­ne du­çar bo­lup bi­ler. Bu ba­ra­da “Eu­ro­news” te­le­ýaý­ly­my ha­bar ber­ýär.
Suw bi­len bag­la­ny­şyk­ly kyn­çy­lyk­la­ry baş­dan ge­çi­ren döw­let­le­riň bi­ri hem Ka­tar­dyr. Bu ýurt uzak möh­let­de bu me­se­lä­ni çöz­mek mak­sa­dy bi­len iň ösen hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny işe gi­ri­zip, ýö­ri­te­leş­di­ri­len san­ly ul­gam­lar ba­za­ryn­da Is­pa­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy “Aguas de Valencia” to­pa­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.
Bu kom­pa­ni­ýa, Ka­ta­ryň paý­tag­ty Do­ha­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky iň uly suw aras­sa­la­ýan des­ga­ny do­lan­dyr­ýar. Ak­dy­ryl­ýan suw­lar za­wod­da ýo­ka­ry ba­syş­da bio­lo­gi­ki süz­güç­den ge­çip, sa­ni­ta­ri­ýa taý­dan bir­nä­çe tap­gyr­da gaý­ta­dan iş­le­ni­len­den soň, bag­la­ry, meý­dan­la­ry we se­ýil­gäh­le­ri su­war­mak üçin ýa­ram­ly bol­ýar.
Ka­tar­da yga­ly sak­la­mak üçin in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem ula­nyl­ýar. “Aguas de Valencia”kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry En­ri­ke Fer­nan­de­siň pi­ki­ri­çe, Ka­tar­da ýa­gyş­ly gün­ler­de gys­ga wag­tyň için­de ga­ty köp suw düş­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.
– Biz iň köp muk­dar­da ýa­gy­şy gaý­ta­dan iş­le­mä­ge we ony bel­li bir wagt ara­ly­gyn­da sak­la­ma­ga, soň bol­sa ýyg­na­nan ýa­gy­şyň äh­li muk­da­ry­ny aras­sa­la­ma­ga ta­ýyn bol­ma­ly – di­ýip, ol bel­le­di.