Täzelenişiň we gülläp ösüşiň nyşany hasaplanýan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bosagada. Ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrmakdaky, halklary ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgeleri esasynda jebisleşdirmekdäki orny göz öňünde tutulyp, 2009-njy ýylda Nowruz baýramynyň geçiriliş däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde
21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi Nowruz baýramynyň adamzat gymmatlygy hökmünde ähmiýetini has artdyrdy.

Dün­ýä bi­le­le­şi­gin­de her ýyl bu se­ne hal­ka­ra baý­ram hök­mün­de bel­len­ýär. Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni diý­lip yg­lan edi­len bu baý­ram ösü­şiň, aba­dan­çy­ly­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edil­ýär. Tä­ze ýy­lyň gel­me­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan Now­ruz baý­ra­my Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de giň­den toý­lan­ýar. Now­ruz Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň, Kaw­ka­zyň we Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň, Bal­kan hem-de Ga­ra de­ňiz se­bit­le­ri­niň halk­la­ry­ny we me­de­ni­ýet­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän baý­ram­­dyr. Ol tä­ze ýy­lyň baş­lan­gy­jy­dyr, ba­ha­ryň buş­luk­çy­sy­dyr.
Now­ruz­da te­bi­gat jan­lan­ýar, Ýer ýü­zi lä­le­zar­ly­ga bes­len­ýär. Ol bi­ze bi­rek-bi­rek bi­len jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny iler­let­me­giň aý­dyň nus­ga­sy­ny gör­kez­ýär. Çün­ki ös­mek-öz­ger­mek, al-ýa­şyl bü­re­nip, Ýer ýü­zü­ne şat­lyk eçil­mek – te­bi­ga­tyň ka­nu­ny. Now­ruz baý­ra­my­nyň bel­le­ni­li­şi­niň jem­gy­ýet­çi­lik, me­de­ni we yl­my ta­rap­la­ry bo­lup, ol hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de halk­lar­dyr ýurt­la­ryň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, hoş­ni­ýet­li­li­gi we je­bis­li­gi ös­dür­mek hem-de ber­kit­mek üçin jem­gy­ýet­çi­lik dip­lo­ma­ti­ýa­syn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň dür­li kün­jek­le­rin­den Now­ruz baý­ra­my bi­len bag­ly mil­li däp-des­sur­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri top­la­nyp, yl­my sel­jer­me­ler ge­çi­ril­di. Şeý­le hem dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri­niň ki­tap­ha­na­la­ryn­da sak­la­nyl­ýan ga­dy­my gol­ýaz­ma­lar öw­re­ni­lip, halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di. Now­ruz baý­ra­my­nyň ga­dy­my däp­le­ri­ni gel­jek ne­sil­ler üçin go­rap sak­la­mak umu­ma­dam­zat bäh­bit­li yn­san­per­wer we­zi­pe­dir. Now­ruz baý­ra­my en­çe­me halk­lar­da, şol san­da türk­men­ler­de hem Gün se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça ýaz pas­lyn­da gi­je-gün­di­ziň deň­leş­ýän wag­tyn­da – mart aýy­nyň 21-in­de bel­le­ni­lip­dir. Now­ru­zy gü­nor­ta we gün­do­gar Türk­me­nis­ta­nyň otu­rym­ly we eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan ila­ty has şow­hun­ly bel­läp­dir.
Now­ruz «Tä­ze ýyl», «Tä­ze gün», «Ba­ha­ryň il­kin­ji gü­ni», «Ba­har baý­ra­my» maz­mun­da be­ýan edi­lip­dir. Türk­men nus­ga­wy şa­hyr­la­ry öz eser­le­rin­de ba­har pas­ly­ny, Now­ru­zy ta­ryp­lap­dyr­lar. Mag­tym­gu­ly­nyň, An­da­ly­byň, Seý­di­niň, Ze­li­li­niň, Mol­la­ne­pe­siň we baş­ga­la­ryň eser­le­rin­de türk­men te­bi­ga­ty­nyň aja­ýyp­ly­gy, hu­su­san-da, Now­ru­zyň was­py çe­per be­ýan edil­ýär.
Hal­ky­myz­da Now­ruz sa­ça­gy­ny dür­li ta­gam­ly nyg­mat­lar, köp­dür­li na­har­lar bi­len be­ze­mek des­su­ry ga­dym­dan bä­ri do­wam ed­ýär. Now­ruz sa­ça­gy­na go­ýul­ýan nazy-nyg­mat­la­ryň syr­ly güý­je eýe­di­gi­ne yna­ny­lyp­dyr. Şo­la­ryň bi­ri-de Now­ruz se­me­ni­si­dir. Mun­dan baş­ga-da, türk­men­ler Now­ruz sa­ça­gyn­da pa­law, süýt­li aş, dä­nik, bu­la­mak, noý­ba­ly unaş, mä­şe­we, Now­ruz ýar­ma­sy, Now­ruz kö­je­si ýa­ly ta­gam­la­ry goý­ýar­lar.
Hä­zir­ki wagt­da Now­ruz baý­ra­my iň ga­dy­my we hä­zir­ki däp-des­sur­la­ryň köp­dür­lü­li­gi we öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­na we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­na, bi­ziň mi­ra­sy­my­zyň bol­sa hä­zir­ki ne­sil­ler ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ne ýe­ne-de bir ge­zek göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len hal­ky­my­za gow­şan «Paý­has çeş­me­si» ki­ta­byn­da hem Now­ruz, ba­har pas­ly ha­kyn­da köp san­ly na­kyl­lar ge­ti­ril­ýär. «Ýy­lyň gel­şi Now­ruz­dan bel­li, ýa­ryň gel­şi – sow­ga­dyn­dan», «Now­ruz geç­män, dert­li dert­den sa­ba­maz», «Now­ruz­dan soň gyş bol­maz, mi­zan­dan soň – ýaz», «Ba­har­da­ky he­re­ket, güýz­ki – be­re­ket», «Ýaz di­ýip, ot­suz gal­ma, gyş di­ýip – suw­suz» ýa­ly en­çe­me na­kyl­lar­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, ba­har be­re­ke­diň hem-de tä­ze­le­ni­şiň pas­ly­dyr.

Aý­na BA­BA­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.