Niderlandlaryň öňdebaryjy toparlaryndan “PSW Eýndhowen” klubunyň janköýerine 40 ýyllyk jerime berildi.Ýewropa Ligasynyň çäginde 1/8 finala çykmak üçin geçirilen pleý-off tapgyrynda PSW-niň ispan kluby “Sewilýa” bilen geçiren duşuşygynda janköýerleriň biri meýdança girip, ispan toparynyň derwezeçisi Marko Dmitrowiçe hüjüm edipdi. Dmitrowiç bolsa janköýere hötde gelip, ony ýere ýatyrypdy. “Phillips” stadionynda bolup geçen bu wakadan soň 20 ýaşyndaky janköýer tussag edilipdi. Bu janköýer 1 aýy soň 3 aýlyk azatlykdan mahrum edilipdi. Ol öňümizdäki 2 ýyl “Phillips” stadionynyň golaýyna hem barmaz ýaly edildi. PSW topary-da şol bitertip janköýere agyr jerime berdi. Ol indi mundan soň 40 ýyllap PSW-niň duşuşyklaryna stadionda tomaşa edip bilmez. Ozalam kakabaş hereketleri bolany üçin 2026-njy ýyla çenli stadiona girmeklik gadagan edilen eken. Ýöne ol PSW–“Sewilýa” duşuşygynda dostunyň kömegi bilen alan petegi esasynda stadiona girmegi başarypdyr.