19-20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katarda döwlet saparynda bolup, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirdi.
Iri kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyk
Saparyň ikinji güni hormatly Prezidentimiziň Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygyndan başlandy. «Sheraton Grand Doha Resort and Convention» myhmanhanasynyň «Salwa» zalynda geçirilen işewürlik çäresine Kataryň Söwda-senagat edarasynyň, Işewürler assosiasiýasynyň, «Delta Group», «Turnkey Trading and Contracting», «Shaheen Al Mohannadi Group», «Bin Twar Group» ýaly iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleri, şeýle-de özara gatnaşyklaryň esasy we geljekki ugurlaryny görkezýän sergi guraldy.
Hormatly Prezidentimiz çärede eden çykyşynda katarly işewürleri iki tarapyň hem ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän giň gerimli, özara bähbitli, hakyky hyzmatdaşlyga çagyrdy we biziň ýurdumyz islendik netijeli teklipler, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip belledi.
Ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
Katar Döwletiniň Emiriniň köşgünde iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde we ikiçäk görnüşde ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky dоst-dоganlyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Döwlet Baştutanlary taraplaryň gyzyklanma bildirýän halkara we sebit meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmek işindäki hyzmatdaşlykda garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini bellediler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Umuman, şu gezekki saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Döwlet saparynyň netijeleri hem-de gol çekilen resminamalaryň uly toplumy özara düşünişmek, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini görkezdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşygy iki tarapyň hem döwletara hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ýola goýup, has uly netijeleri gazanmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.
Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy
Hormatly Prezidentimiziň Katara döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Bu şanly waka Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Katar Döwleti bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän möhüm ornuny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Doha şäherindäki ilçihanasynyň işiniň döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesine laýyk boljakdygy, bu gatnaşyklaryň açyklyk we ynanyşmak häsiýetini alamatlandyrjakdygy, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.