22-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Ys­ra­ýyl Döw­le­ti­niň Türk­me­nis­tan­da­ky tä­ze bel­le­nen Il­çi­si Ys­ma­ýyl Hal­di bi­len du­şu­şyk ge­çir­di we onuň do­wa­myn­da ynanç hat­la­ry­nyň nus­ga­la­ry­ny ka­bul et­di.
Türk­me­nis­ta­nyň DIM-niň ýol­baş­çy­sy Il­çi­ni bu we­zi­pä bel­len­me­gi bi­len gut­la­dy hem-de onuň gel­jek­ki işi­niň iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk hem ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de dip­lo­mat­lar öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän äh­li ugur­lar bo­ýun­ça türk­men-ys­ra­ýyl hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýag­da­ýy­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Köp­ta­rap­la­ýyn meý­dan­ça­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek­de, şol san­da hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry we tek­lip­le­ri öza­ra gol­da­mak­da oňyn tej­ri­bä­niň bar­dy­gy be­ýan edil­di.
Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň dö­re­dil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy nyg­tal­dy.
Me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi işin­de ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar hök­mün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş we luk­man­çy­lyk, ylym-bi­lim ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Şol bir wagt­da ys­ra­ýyl ta­ra­py Türk­me­nis­tan­da Ys­ra­ýy­lyň me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni gur­na­mak­da gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny be­ýan et­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn öza­ra he­re­ket­le­ri ös­dür­mek üçin ta­gal­la­la­ry gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar.