Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy diňe bir baharyň garşylanmagyny hem-de janlanýan tebigatyň dabaralanmagynyň nyşanyny alamatlandyrman, eýsem, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlugyň, adamlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň hem jarçysydyr.
Mähriban halkymyzyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan bu bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän, milli öwüşgine beslenen dabaralar Türkmenistanyň abadançylygyny, durnukly ösüşini, ýurdumyzyň parahatçylyga, rowaçlyga ymtylmasyny alamatlandyrýar.
«Nowruz ýaýlasynda» baýramçylyk mynasybetli köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan uly türkmen obasy döredildi. Şeýle hem halky şatlandyrýan belent sesli jarçylary we artistleri bilen Gündogar bazarynyň keşbi sazlaşykly utgaşdy. Köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerde ýaňlanýan aýdym-sazlar tebigatyň oýanmagynyň hem-de durmuşyň täzelenmeginiň hormatyna guralýan, gadymdan gelýän bu dabaralaryň çuň many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar.
Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri çagyryldy. Watanymyzyň ähli künjeginden bu ýere türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi.
Daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda 20-nji martda paýtagtymyzda açylan «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylar bar. Olar üçin mähriban halkymyzyň özboluşly däpleri, döredijiligi we türkmen tagamlarynyň aýratynlyklary bilen tanyşmak, köpöwüşginli türkmen toýuna syn etmek üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Ýakyn günlerde geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge ýurdumyza gelen halkara synçylar hem baýramçylygyň myhmanlary boldular.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary baýramçylyga gatnaşyjylara özleriniň döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Bu ýerde guralan konsertde halk aýdymlary hem-de häzirki döwrüň awtorlarynyň bahara, Nowruza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyna bagyşlanan aýdym-saz eserleri ýaňlandy.
Türkmenistan Nowruz baýramyny şatlyk we şowhun bilen garşylady. Şu bahar günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän dabaralar gadymy türkmen topragyny ruhy gymmatlyklaryň nury we ýylysy, asyrlaryň paýhasy bilen şöhlelendirip, ony aýdymdyr sazlar, gadymy dessurlaryň gözelligi bilen baýlaşdyryp, ajaýyp duýgulary paýlaýar.